Geljekki nesiliň öňünde utanmaýlyň!
Biz taryhyň her bir öwrülşiginde
ata-babalarymyzyň, batyr gerçeklerimiziň edermenliklerini ýatlap, olardan ylham
alýarys, göreldelerine eýermek üçin, ýaş ösmerlerimize ülge hem nusga bolar
ýaly olaryň bitiren işlerini tarymyzyň sahypalarynda altyn harplar bilen
ýazýarys.
Eger düýn milli şahyrymyz,
beýik akyldarymyz Magtymgulynyň dürdäne sözleri, pähim-paýhaslary bilen
buýsanyp gelýän bolsak, bu gün biziň Omid ýaly buýsanara, başymyza täç edere
alym ýigitlerimiz bar. Indi Türkmenleriň dünýä möçberinde guwanmaga Omid ýaly
alymy bar, muňa ýetere başga näme gerek.
Ýöne gynançly ýeri, biz şonça Omidlarymyza, halkymyzyň gejekki Omidlaryna begenip,
alkyşlap baksak-da ganym duşmanyz bolan Eýranyň mollalar režimi, ol gerçegi
zyndanlarda çüýredip gelýär, el-aýagyna gandal urup, dürli kesellerden ýok
etmäge synanşýar.
Dr. Omid Kokabiniň düşen bu agyr ýagdaýyna global derejede alymlar, meşhur
şahsyýetler, ynsan hukuklaryny goraýan halakara guramalar, metbugat, media...
duýgudaşlyk bildirip, bu alym ýigidiň erkinlige gorberilmegini Eýran
häkimiýetlerinden tapal edip gelýärler. Ýöne mollalara alym däl-de kör sowat
adamlar gerek.
Türkmensährada şu mahala çenli hiç bir metbugatda Omidiň erkinlige
goýberilmegi berek talap edilmän gelýär. Şonça ahun molladan diňe ýekejesi Omidi
goldap çykyş etdi, galanlary bolsa agyzlaryna suw alan ýaly bolup, dymyp
otyrlar. Ýogsam häkimiýetleri öwmeli bolsa agyzlarynda aş gatyklandyrýarlar.
Eger-de häkimiýetleriň ýanlarynda sözleri geçýän Türkmen ahunlary, öňe düşüp öz
alym perzendiniň erkinlige goýberilmegini talap etseler belki-de täsirli bolup,
oňyn netije alnardy, has bolmanda taryhymyzda göreşjeň ahun-mollalar hökmünde
yz galdyryp bilerdiler.
Biz Gürgen radiosynyň Türkmen gullugyndan Omidi goldar diýen tamamyz ýok,
ýöne Amerikanyň Azatlyk radiosynyň pars gullugy- Radio Farda, Amerikan sesi
radiosy- VOA, BBC we beýlekiler Omid hakynda yzygiderli
maglumat berip durka, Azatlyk radiosynyp Türkmen gullugy Omid hakynda çigit
ýaly habardyr maglumat berenok, Türkmenistan döwleti-de dymyp gelýär, Türkmenistanyň
oppozisýon saýtlary-da Omid hakyndaky wakadadan habarsyz ýaly bolup, ýekeje
sözem beýan etmeýärler.
Türkmenistanyň prezidenti halkymyzyň şu taryhy
etabynda ägirt hem batly ädim ädip, halkymyzyň buýsanjyna buýsanç, her dürli
pudakda şanymyza şan-şöhrat goşup biljek Omid ýaly ýigitlere, sport
meýdanlarynda halkara derejesinde özlerini görkezýän gül ýaly oglanlarymyza eýe
çykmaly, hatta ummasyz pul döküp, olary öz bagryna basmaly.
Ýaş alym Dr. Omid Kokabiýe ýöňkelen aýplama diýseň
çypdyrma. Mollalar režimi «duşman döwlet-Amerika» bilen gatnaşyk guranlykda we
ol döwletden stependiýa alnlykda Omidy aýplap ony
12 ýyl azatlykdan mahrum etdi. Häzir bolsa olaryň ministerleri, resmiler her
gün diýen ýaly bu «duşaman» döwleti -Amerika bilen äbe-de jüýje bolup
gelýärler. Diňe Omid däl, müňlerçe Eýranly student, Amerikda okap ýör we ol
döwletden stependiýa alyp ýörler.
Biz bir ten, bir jan bolup, öz alym ýigidimize eýe bolmaly, onuň erkinlige
goyberilmegi ugrunda kompaniýalary gurnamaly.
Häzirki çylşyrymly ýagdaýda dünýäniň demokratik döwletlerinde ýaşaýan
ildeşlerimiziň bu meselede dymyp oturmaklaryna nähili düşünmeli? Olar häzirki
nesilimize näme jogap berip bilerler, gejekki nesiliň gazapky, gaharly
nazarlaryndan sypyp bilerlermi? Olaryň: «Utanyň, uýalyň eý bihepbeler ýekeje
alym ogluňyza eýe çykyp bilmediňiz» diýip, bize käýemezlermi? Bar aladany diňe
«Medeni-Syýasy Ojak» etmeli diýen zat ýok.
Şonuň üçin hiçden giç ýagşy, dürli protest aksiýalary, kampaniýalary
gurnap, has bolmada ýaşaýan ýurdumyzyň resmilerine, parlamentine hat ýollap,
alym oglumyz Omidiň goragyna çykaýlyň. Ertir giýç bolar.
Hormat bilen
Arne Goli
Taryh ylymlaryň kandidaty
Türkmeni öwreniş merkeziň müdüri.
Sweden
24 april 2014