Saturday, February 28, 2015

Gaýgysyz Atabaýewiň durmuşyndan parçalar

GAÝGYSYZ ATABAYEW

Şeýle kynçylyklara garamaEmma Gaýgysyza bu mekdepde uzak işlemek miýesser etmedi. Ýerli milletden bolan kadrlary mugallymçylyk işinde işletmeli däl diýeýa gizlin görkezmä laýyklykda, Gaýgysyz işden boşadyldy.
zdan, Gaýgysyz, Bäherdendäki Muhammetguly hem Marydaky ýerli rus mekdeplerinde işe başladylar.
acHbZGMjyWY8F3B8FC9-811B-4F1E-9FEF-60925C035374_mw1024_s_n
Hemmeler Daşkentdäki iş taşlaýyş hakda gürrüň edýärdi. Asgabatda bolsa Zakaspi oblastynyň Türkmen komiteti döredilipdi. Podpol-kownik Nikolaý Nikolaýewiç han Ýomutskiý özüni şol komitetiň başlygy diýip yglan etdi.
 --------------------------------------------------------

Saturday, February 21, 2015

ÝENE ENE DIL HAKDA



ILBÄHBIDI MASLAHAT!

«Bimanynyñ sözi janyñdan öter,
Gybat edip özi günäge batar,
Ýamanyñ zyýany iline ýeter,
Nadanyñ peýdasy özüne degmez.»

                                                      Magtymguly

   Daşary ýurtlarda esaslandyrlan Türkmenleriñ internet sitlaryñ hersi açyp göräý, onda «pars şowenizmi», «şowenistler, Türkmen halkyny ýok etmekçi boýlar», «parslar, Türkmeniñ diliniñ, däp-dessurynyñ köküne patla urmakçy boýlar» diýen äheñde onlarça makala duş gelersiñ. Maklalarda köplenç şowenistleriñ primleri barasynda söhbet edilýär, ýa-da bu mesele bilen baglanşykly bir parsyñ sarmamasyna bir Türkmeniñ parsça jogap berşine gabat gelýärsiñ. Şeýdibem turýar bir ala-galmagal, hakly kim, nähak kim bilmän galýarsyñ. Halky bolsañ-da nähak bolup görünýärsiñ, sebäbi, biziñkiler edil parsyñ islänini edýärler, olaryñ guran duzagyna düşýärler. Eger «olar biziñ dilimiz ýok etmek isleýär» diýýän bolsañyz, onda näme üçin ýene olaryñ diline ýazýarsyñ, munuñ özi ilkinji nobatda seniñ öz ene diliñe hormat goýmaýandygyñy añladýar. Käbirleri bolsa şeýleräk äheñde oýlanýarlar, ýangy «زبان مادرینی باید حفظ اتملی ». Görşümiz ýaly bu parsça sözlemde diñe «etmeli»si Türkmençe. Onsoñ şeýle oýlanýanlarymyzden nämä garaşyp bolar?! Olar şowenizmiñ abandyrýan howpunyñ örän çynlakaýdygyna göz ýetirip bilýärlermikä?
   Her bir milletiñ diliniñ, däp-dessurynyñ, umuman milli kimliginiñ ösmegi döwlet derjesindäki tagallar esasynda ýetmek mümkin. Biz Türkmenler üçin, Türkmenistan etalon, orientatsiýa, başçagaça aýdanymyzda kyblagähimiz. Ol ýerde döwlet derejesinde görülýän medeni çäreler daşary ýurtlarda ýaşaýanlar üçin uly galwuz/ýol görkeziji bolmaly. Ýöne Türkmenistana baş bolup oturanyñ özi Türkmen dilini syýlamasa nädersin. Şirazly hoja Hafiz aýytmyşlaýyn:
خانه از پای بست ویران است                         خواجه در بند نقش ایوان است
  Terjimesi: «Bina düýbünden çüýrük, Hoja onuñ eýwanyny bezemek bilen»
Dünýä liderleri özlerine myhman gelen ýa-da myhmançylyga baran döwlet baştutanlary bilen duşuşyklarynda resmi protokol boýunça öz ene dillerinde gepleýärler, emma Türkmenleriñ başyna bela bolup inen Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow (Atamyratdowyç däl!) resmi myhman gelende-de, ýa-da seýrek Moskwadyr Eýrana baranda-da derrew rusça gürläp başlaýar. Beýle ýagdaý ýyllardan bäri garaşsyz bir döwletiñ hasratynda hem umyýdynda daşary ýurtlarda ýaşap gelenlerde göwün çökgünlige, pessemize alyp gelýär. «Mundanam bir döwlet baştutany bolarmy» diýip, Ata watandan sowaýar. Türkmenistanyñ döwlet baştutanynyñ şu derejede öz medeniýetinden, Türkmen dilinden (ene dili diýemok!) bizar bolmagy, şowenistik zäheriniñ onnuñ ganyna mahul ornaşandyygny görkezýär.
    Türkmenistan bilen goñşy Eýrandyr Owganystanda ýaşaýan Türkmenler onsoñ nädip bu döwletlerde hereket edýän şoweniziñ gysyşyndan halas bolsunlar?! Ýöne olar tapdan düşmäñ, başardyklaryndan bu kesele garşy göreşip gelýärler. Bu babatda olar henize çenli dogry ýoly tapmakda kyýnçylyk çekip gelýärler.
   Owganystanda ýaşaýan Türkmenleri alyp göreýliñ. Uzakdan görseñ başyna 5-6 meter matany selle edip oran, geýen eşikleri täjigiñkimi, peştunyñkymy saýgaryp bilmersiñ, sakgal bolsa bir garyş. Şeýle keşip bilen onuñ Türkmenligine nädip kepik geçip bolar, näme, ol ýerde goýun dirisi azmy, Türkmen telpek dikýän ýokmy, has bolmanda telpek bir Türkmençe bolsady-diýip arzu edýärsiñ. Eýranda ýaşaýan Türkmenler-de bir-birlerine duşuşanlar: «Salam agaý-e …» diýip, erkeklige gelişmeýän «pakda-pak» ýüzlerinden öpüşýärler. Türkmenlerde salamlaşmanyñ öz kadasy bar. Hatta oturup, turmanyñ özüne mahsus däbi bar. Bulardan habarsyz adamlaryñ Türkmen medeniýetinden daşda galandygyny görkezýär. Bu diýseñ gyýnandyryjy fakt.
    İndi başda agan temamyza dolanyp gelsek. Ýangy pars şowenizmi bizi ýok etmek meselesi. Elbetde bu inkär edilmejek hakykat. Ýöne bu awuly zäheriñ biziñ aramyzda ýaýramgynda kim/kimler günäkär. Parslar-a ellerinden geldiginden öz maksatlarynyñ ugrunda «jan çekýärler» ýöne biz nädip onuñ öñünde durmaly, nädip bu bela-beteriñ köküne patla urmaly? Bu diýseñ derwaýys mesele.
   Eger bu göreşde ok-ýaragdyr maddy güýjümiz çatmasa, azlyk edýän bolsa onda has bolmanda parslaryñ öz usullaryndan peýdalanmaly, ýangy biziñ dilimiz ýok etmekçi boýlan bolsalar, onda oña garşy, dilimiz berk goramaly, öz ene dilimizde ýazmaly. Bu ýeterlikli bolarmy? Elbetde ýok. Dogrusy «it üýrer kerwen geçer» diýlenini edip, olaryñ sarmamalaryna jogap berjek bolup jedelleşip-parsça ýazyp oturmaly däl. Sen öz halkyñ taryhyny, däp-dessuruny, dilini öwredmäge syýnanşsañ, şonuñ özi uly söweş, göreş. Elinde häkimiýet, güýç bolan bolan Eýran hökümeti, Türkmenlere garşy her gün diýen ýaly mekirli plan düzüp ony amala aşyryp gelýär. Biz bolsa oña garşy durmagyñ ýerine, olary paş etmegiñ hem göreş ýollaryny oýlanmagyñ ýerine, ýene-de aldygyndan parsça jogap berjek bolup başagaý bolup ýöris, olaram makasada ýedýäris diýip, «kah-kah» biziñ üstümizden gülýärler.
   Hakykatdanam pars şownizminiñ howpunyñ depämiziñ üstünde «Domokles»iñ gyljy ýaly duýýan bolsak, onda olaryñ özi ýaly, öz uslulary bilen göreşmeli, ýene bir gezek gaýtalaýaryn, TÜRKMENÇE ÝAZMALY, olara TÜRKMENÇE JOGAP BERMELİ. Şeýtsek utarys ýogsa utduran bizden başga hiş kim bolmaz. Olar kör bolup terjime etdirerler. Näme häzir Tehranda içalylyk gullugynda Türkmençe makalalar terjime edilmeýärmi? Elbetde edilýär. İki-de bir «aý parslar eýdýärler, beýdýärler, şowenistik pikri öñe sürýärler» diýmek bilen aljak galamyz bolmaz. Türklerde «dinsiziñ hütdäsinden yýmansyz» geler diýen ata sözi bar. Şoña görä olara öz ýöntemi/usuly bilen jogap bermeli, ondan-da beter, milli kimiligimiz hakyndaky dawamyzy/göreşimizi has ýokary tapgyrlara ýetirip, milli taryhymyzyñ gadymlygy, baýlygy, dilimiziñ olaryñkydan üstünligi, dap-dessurlarymyzyñ ynsanperwerdigi barada berk aýak diremeli. Dilimiziñ baýdygy hakynda birnäçe mysal: Pars dilinde köýnege «پیراهـن » diýýäler, pir = garry, ahen = demir, munuñ niresi köýnek boýlar, «towşana» (خرگوش )= eşek gulak diýýärler, garpyza(خربزه )=eşek-geçi diýýärler, olam ýene-de garpyz däl-de, gawun diýdikleri, «azal,a» demir sygyyr (گاو آهـن), demir sandyga sygyr sandyk (گاو صندوق) diýýärler. Parslar bir topar sözi iýmek «خورد » işlegi bilen añladýarlar, su içdim=  آب خوردم , çörek idim= نان خوردم , sowukladym= سرما خوردم , ýykyldym= زمین خوردم , aldandym= گول خوردم  … Şir «شیر » sözüni, hem içilýän süýt, hem ýolbars hem çürnük üçin ulanýarlar. Garaz sanasañ sanap oturmaly. Bulardan maksat dilimiziñ baýlygyndan biriki mysal getirmek, aýtsañ aýdyp oturmaly.
   Şeýle baýlyga eýe halkyñ perzentleriniñ öz milli kimliklerini beýan etmäge mümkinçiligi köp, zeýrenmäge hajat ýok.
   Kä wagt oturyp-oturyp geñ galýarsyñ, biziñkiler baryp «itiñ ölen ýeri» Afrikadaky Nelson Mandellanynyñ durmşyna belet-de öz Aba serdarlaryny, Gowşut hanlaryny, Kyýat hanlaryny, Jüneýt hanlaryny, Gaýgysyz Atabaýlaryny, Aýtaklaryny... tananoklar, atlaryny-da eşitmändirler. «Saýat han» aýalmy erkekemi? diýeñde elbetde erkek diýýp jogap berenlerimiz-de bolmadyk däl. Onsoñ öz kimliklerinde şeýle daşlaşana, eline bolanlara, halkymyzyñ ykbaly barasynda parslar bilen jedelleşip, özlerini kiçildişine nädip başyñy ýaýkamajak.
   «Köp söz kurana» ýaraşar diýilişi ýaly, sözi uzadyp uturmalyñ. «Özüni tanan weli» diýipdirler. Başda özüñi tana, onsoñ, halkyñ ar-namysy ugrunda göreş. Seniñ başyñ dik, göwsüñ gabarar ýaly ata-babalarymyz är işini bitirendirler. Sözümizi beýik Magtymgulynyñ sözleri bilen başlapdyk, onuñ sözleri bilenem jemleýäris:
«Magtymguly gördüñ ýagşy ýamany,
Ýalançynyñ bolmaz anty, yýmany,
Yrak eýle, barsañ almaz myýhmany,
Her kimiñ öz ili, watany ýagşydyr.»

HALKARA ENE DIL GÜNI



Diller howp astynda

  Birleşen Milletller Guramasynyñ Medeni Guramasy UNESCO, dünýäde häziriñ özünde bar bolan 6 müñ diliñ üçden biriniñ ýer yüzünden ýok bolmak howpyna duçar bolýandygy bilen duýduryş berdi.
  "Bir dil ölen ýagdaýynda, dünýäniñ medeni mirasynyñ möhüm bir bölegi-de ýitip gidýär. Nesiller boýy, dilden dile geçen, ertekiler, mifler, şygyrlar, ata sözleri, şol milletiñ söz hazynasy birbada ýitip gider." Diýip, UNSCO-nyñ beýannamasynda nygtalýar.
  Alaskanyñ ýerli dili “Eyak”-ça gepleýän soñky adam, Marie Smith Jones 2007-nji ýylda 88 yaşynda aradan çykandan soñ özi bilen ýerli dilini-de alyp gitdi. Ol öz ene diliniñ diri galmagy üçin doga edýärdi. Jones ömrüniñ soñuna çenli halkynyñ milli dilini we medeni mirasyny goramak üçin kampanýa-da alyp barypdy.
  "Döwletler eger dünýäniñ medeni we dil dürliligini goramak isleyän bolsalar, giç bolmazdan bu ugurda alada etmeli" diýip, UNESCO ýene-de duýdurýar.
  Bir diliñ diri galmagy üçin şol dilde gürleýän adamlar öz dilleriniñ bardygyna buýsanmaklary gerek.
  Soñky bäş ýylda, Mekzika, Täze Zelandiýa we Amerika öz döwletlerinde dürli dilleriñ ýok bolmagy prossesini yzyna öwürmegi başardylar.
  Ýöne UNESCO, ''dilleriñ ölümi''niñ her ýerde we dürli ykdysady şertlerde durmuşa geçip biler diýip, duýdurýar.
  Gepiñ gerdişine görä aýdylnada, Eýranyñ çäginde ýaşaýan millionlarça türkmeniñ ene dili, alnyp barylýan pars şaunizmi syýasaty netıjesınde çynlakaý dereje zyýana uçrap gelýär, ýaş ösmerlerimiz ene dilinde geplemänsoñlar, dura-bara ony unudyp barýarlar. Bu syýsatyñ soñy türkmen halkyny pars medenıýetıñ arasynda assemirlemkeden başga zat däldigi köre hasa bolsa gerek.
  Daşary ýurtlarda ýaşaýan ildeşlerimiz-de makalalaryny öz ene dillerinde ýamansoñlar, olaram bu syýasatyñ pydalary bolup gelýärler. Ýöne hiçden giç ýagşy dileni, gaýrat edip öz ene dilimizde ýazmaga synanşaýlayn.

                                                                                       *******************
Makalany gysgaça terjime eden:
A.Goli