Monday, January 17, 2011

Alymy yatlap

Muhammet Geldiyew
(1889-1931)

Dilçi alymy ýatlap
17.01.2011

XX asyryň birinji ýarymynda türkmen dil biliminiň ylmy taýdan döremeginde
 we onuň progressiwleşmeginde uly rol oýnan dilçileriň biri hem Muhammet
 Geldiýewdir.
Muhammet Geldiýew 1889-njy ýylda häzirki Balkan welaýatynyň Çeleken şäherinde dogulýar. Maglumatlara görä, ol günbatar ýomutlarynyň körler taýpasyndan bolupdyr. Onuň atasy balykçylyk bilen meşgullanypdyr. Oglunyň sowatly bolmagyny isläp, ol Muhammedi oba mollasyna okuwa beripdir. Zehini öte ýiti bolany üçin Muhammet soňra Buhara medresesine okuwa gidýar. 1909-1910-njy ýyllarda medresäni gutaryp gelensoň, Muhammet obada mollaçylyk etmän, bilimini ýene artyrmak üçin Başgyrdystanyň Ufa şäherindäki “Aliýa” medresesine okuwa gidýär.

Medresäni üstünlikli tamamlansoň, Muhammedi şol ýerde mugallym edip alyp galýarlar. 1921-nji ýyla çenli ol Ufa şäherinde tatar we başgyrt dilleriniň mugallymy bolup işleýär. Türkmenistanda milli kadrlaryň ýetmezçiligi zerarly ony Aşgabada işe çagyrýarlar. Ilki ol mugallymçylyk tehnikumynda mugallym bolup işleýär. Soňra türkmen dili bilen baglanyşykly ähli işlere ýolbaşçylyk edip başlaýar. 1926-1928-nji ýyllarda Muhammet Geldiýew Türkmen bilim sowetiniň, 1928-1930-njy ýyllarda bolsa Türkmen medeniýet institutynyň türkmen dili we edebiýaty boýunça ýolbaşçy ylmy işgäri bolýar.

Muhammet Geldiýew gysga döwrüň içinde uly işler bitirýär. Ol Türkmenistanda taýýarlykly ýeke-täk dilçi bolýar. Şonuň üçin hökümet ýolbaşçylary onuň bilen ýakyn aragatnaşykda bolýarlar.

Dil bilimine goşant goşan

Elipbiý we orfografiýa boýunça geçiren reformalary, türkmen edebi dilini ösdürmekde we normalaşdyrmak boýunça ýerine ýetiren işleri, mekdepler üçin ýazan kitaplary, dil bilimini ösdürmek bilen baglanyşykly durmuşa geçiren çäreleri Muhammet Geldiýewe abraý getirýär. Onuň öňe süren işleri esasynda Türkmen Bilim komissiýasy taryhda ilkinji gezek arap grafikasynda türkmen edebi diliniň orfografiýasyny reforma edýär. Şu reformada öňe sürlen esasy meseleler arap grafikasyndaky elipbiýde, çekimli sesleri görkezmek meselesidir.

Mälim bolşy ýaly, köne türkmen ýazuwynda çekimli sesler hemişe görkezilmeýärdi. Köplenç üstün, astyn we beýleki hereketlere laýyklykda, okyjy degişli çekimlini özüçe goýup okamaly bolýardy. Muhammet Geldiýew tatarlaryň we başgyrlaryň tejribesini alyp, her fonemany degişli harp (belgi) bilen görkezmegi zerur hasap edýär. Ol türkmen dil biliminde her bir fonemany ýazuwda görkezmek ideýasyny öňe sürýär. Muhammet Geldiýew taryhda ilikinji bolup, türkmen dilinde 7 sany çekimliniň bardygyny, olaryň E-den başgasynyň hem inçe, hem ýogyn aýdylýandygyny belleýär.

1920-1930-njy ýyllarda türkmen diliniň özbaşdak ýaşap bilmejekligi, onuň gödekligi we dünýä medeniýetinden daşlaşdyrýanlygy hakyndaky pikirler güýç alyp başlaýar. Şeýle pikirleri orta atýanlaryň käbiri türkmen dilini taşlap, türk (osmanly türkleriň) diline geçmäge çagyrypdyrlar. Muhammet Geldiýew öz çykyşlarynda olara şeýle jogap beripdir: “Biz beýle pikirlere garşy. Aň-bilimi tiz almak üçin öz iliňde, öz araňda ýöräp duran il dilinden geçip, şol iliň aň-bilimi, düşbüligi, güýji bilen hasaplaşman, gury türkçülik sazyn çalyp, il oglunyň garşysyna onuň aňyndan, biliminden, güýjünden daşary ýat bolan bir dil, bir edebiýat bilen dogrudan-dogry aň-bilim berjek bolmak türkçülik ýoly-da däl, medeniýete tiz barmak hem däl, belki ýasama ýol bilen ýer ýüzünde ýaşaýan bütin türklere bir dil döretjek bolmak hassalygydyr diýýäris. Şonuň üçin-de, biz öz iliňiziň aň-bilim ýoluna girmegi, şol aň-bilimini ösdürmegi üçin iň dogry ýol bu günki köpçüligimiz tarapyndan ulanylýan dilimiz bilen şolaryň aňyna, güýjüne, düşbüligine garap, kitaplar ýazmak, şol kitaplarymyzy bu günki Ýewropa medeniýetine dogry alyp barýan bir ýol bilen baryp, ýuwaş-ýuwaşdan il ogullarynyň güýjüne garap ösdürmek diýip bilýäris”.

Muhammet Geldiýew türkmen edebiýatynyň ösmegine hem uly goşant goşan alymdyr. “Türkmen ýazyjylar üýşmegi” (Ýazyjylar birleşigi) döredilende, ol onuň ilkinji başlyklygyna saýlanýar. Muhammet Geldiýew türkmen edebiýatyny ösdürmekde, ony ugrukdyrmakda, ýaş ýazyjylaryň, şahyrlaryň döredijilik işlerine kömek bermekde öz güýjüni gaýgyrmandyr.

Biwagt ölüm

1931-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda Muhammet Geldiýew agyr hassalap, aradan çykýar. Ony Aşgabadyň häzirki “Piwo” zawodynyň ýanydaky gonamçylykda jaýlaýarlar. Şol gün alymy jaýlanlarynda, gonamçylykda ýaş ýazyjy, geljekki Türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy Berdi Kerbabaýew şeýle setirleri okaýar:

“Türkmen dilin kada salyp başlan sen,

Dil ugrunda on bäş ýyllap işlän sen,
Dil tamynyň düýbün tutduň, eý ussa.
Şägirtleriň hökman bitir ol tamy.
Dört taýyndan ganatlaýyn galdyrlyp,
Dil düzeler, galmaz onuň bir kemi.
Şuralar ilinde ösdükçe ylym
Ussadyny ýada saljakdyr dilim”.


Eger-de ykbal Muhammet Geldiýewe ýene birnäçe ýyl beren bolsa, onda onuň täleýem öz kärdeşleri, ýoldaşlary Kümüşaly Böriýewiň, Abdylhekim Gulmuhammedowyň, Kakajan Berdiýewiň, Seýitmyrat Öwezbaýewiň keç ykballary ýaly bolardy. Sebäbi milletçilikde aýyplanyp, tussag edilenleriň arasynda döredilen derňew iş materiallarynda Muhammet Geldiýewiňem ady agzalypdyr.
Bu günki gün, alymyň ýogalanyna 80 ýyl geçensoň, bu gonamçylygyň ýeri seýilgähe öwrüldi. Şu günki ýaşlar ony hatda bilmeýärler. Käte onuň deňinden geçemde, klassyk şahyr Keminäniň ör boýuna duran ýadygärliginiň ýanyna gelip, türkmen iline hyzmat eden läheňleri ýatlaýan, olara aýat-töwir edýän. Töweregimde oturan ýaş oglan-gyzlar bolsa muňa geň-galyjy nazarlary bilen garaýarlar. Bu seýilgähde Muhammet Geldiýewden başga-da, 1924-nji ýylda ýogalan ilkinji türkmen zenan mugallymasy Artykgül Teke gyzy hem ýatyr ahyryn...
Döwlet Hojamedow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
Azatlyk Radiosy
* Dilçi alym Muhammet Geldinin ölüminin şüphelidigi-de aydylyar. A.Gürgenli
Bu barada seredin: Toslanan töhmetlerin pydalaryn. R.Esenow. Aşgabat. 1996

Friday, January 14, 2011

Bildiriş

 
Bildiriş 
 بیلدیریش

Ýekşenbe günki Tema : Türkmen topragynyň okkopirlenmegi, we basybaljylaryň şum planlary netijesinde  türkmenlerde, türkmenistanda we sebitde emele gelen ýagdaý.
  
Güni : Ýekşenbe 16.01.2011, sagat 13 (Toronto), 18 (merkezi Awropa) da başlanýar.
Adres: Paltalk, all rooms- Europe- Germany- Turkmen sazly gurrungdeshlik
………………………………………..

 این هفته به یادبود  جانباختگان مقاومت علیه ارتش
جنایتکار استعماری سخنرانی وگفتگوی پالتاکی برگزار می گردد.   

 موضوع: اشغال سرزمین ترکمن توسط ارتش استعماری،اجرای مرحله به مرحله ی نقشه های شوم استعماری و پی آمدهای این واقعه ی جنایت بار تاریخی در وضعیت ترکمنها ، ترکمنستان و منطقه.
   سخنرانان : آقای آرنا گلی مدیر مرکز مطالعات ترکمن و دیگر علاقمندان .
- این گفتگو درصورت تمایل شرکت کنندگان می تواند به حالت بحث آزاد هم  درآید.
 - ازعلاقمندان به شرکت وهمکاری، دراشکال طرح سوال، اظهارنظر، شعرخوانی و پخش آهنگ و آواز متناسب با این مناسبت استقبال شده، وقت کافی داده خواهد شد.

زمان: یکشنبه 16 یانوار 2011  برابر با 26 دی 1389، ازساعت 18 بوقت اروپای مرکزی، ساعت 12 بوقت تورنتو
مکان: اتاق پالتاکی "تورکمن سازلی گوررونگدشلیک"، زیر کاتاگوری: Europa  وسپس    Germany 
Adres: Paltalk, all rooms- Europe- Germany- Turkmen sazly gurrungdeshlik
Güni : Ýekşenbe, 16.1.11,  (26-10 -1389 ş.)
Wagty : Sagat 13 (Toronto), 18 (merkezi Awropa) da başlanýar.
  
---------------------------------------------------
Adminler topory
2011-01-14  

Wednesday, January 12, 2011

Gökdepe tragedıyasy

Gökdepe Tragediýasy

1881-nji ýylyñ 12-nji ýanwary
(Hatyramy ýa-da MATAM güni ?!)

Gökdepe gahrymany Dykma serdar

Gökdepä hüjümde ruslara ýardam berendigini Eýranyñ
boýun alýandygy hakyndaky dokumet
"مضمون ترجمه تلگراف رمز حضرت اجل امجد افخم امین السلطان وزیر دربار و داخله و غیره که بفرانسه ترجمه و بوزارت امور خارجه روس ابلاغ شد
البته دولت بهیه روسیه همراهیهای دولت علیه{ایران} را در وقت لشکرکشی آخال و غیره نشان داده و همچنین وعده های خود راکه در مقابل آنهمه همراهیها که سرحدات را همیشه منظم و آسوده نگاهدارد فراموش نکرده است."
Eýranyñ köşük hem-de içeri işler ministeri Emin ul Soltanyñ Orsýetiñ daşary işler ministerligine ýollan hatynda Ahal goşun çekilende Tahranyñ ýetiren kömeginden rus döwletiniñ minnetdar bolandygyny we bu ýagşylygy unutmandygy agzalýar.
(Eýranyñ dokumentler arhiwiniñ matariallaryndan)

Has dolusy

Sunday, January 9, 2011

Geçmeişi unudyp bolmaz

Bolşewizim we faşizim bir medalyň iki ýüzi

Solda: Magadan konst lagerlerinde pyda bolanlayň hatyrasyna dikeldilen ýadigärlik
Sagda: Faşist Hitlerçileriň jenaýatlaryndan bir mysal

  2010-njy ýylyň 29-njy dekabrynda Ýewropanyň 38 sany işçi we kommunist partiýalary bilelikde ýaýradan beýnnamalarynda Bolgaryýnyň, Litwanyň, Latwiýanyň, Wengriýanyň, Rumiýanyň we Çehiýanyň daşary işler ministerleriniň kabul eden karyna protest bildirip ony “ýigrenç we prowaksiýa” diýip häsýetlendirdiler. Ady agzalan döwletleriň daşary işler ministerleri  taryhy galplaşdyrýanlarya garşydyklaryny hem-de kommunistleriň we kommunizmiň sud tarapyndan yzarlanmagyny Ýewro-komisiýadan soramak barasynda karar kabul etdiler. Kommunistleriň bilelikdäki beýannamalary “Ýewropada anti kommunizm ýol almaz” ady bilen neşir edildi.
  Kommunistleriň beýannamalarynda olar  özleriniň işçileriň hukugyny gorýandyklaryny we Ýewropada demokratiýanyň ösmegi ugrunda alada edip gelýändiklerini öňe sürýärler, şeýle-de olar faşizim bilen kommunizimi bir hatarda goýlup, 2-nji jahan urşy döwrüniň taryhyny galplaşdyrýanlara garşy göreşip gelýändigi agzalýar. (beýannamanyň doly mazmunyny dürli dillerde şu aşakda görkezilen adresden okap bilersiňiz)
Geçen asryň başlaryndaky taryhy şerteler esasynda deňsizligi ýok etmek ugrunda birgiden idealar we syýasy garaýyşlar ara atyldy. Bu ylaýtada-da açlykdan we Tezaryň polisaý režiniň astynda ezilip gelýän rus halkynyň gulagyna ýakymly gelýärdi. Sebäbi ruslar Orsýet-Ýapon urşundan (1905) we soňra 1-nji jahan urşunda pyda bermekden bizar bolupdylar. Olar beýle zalym syýasata garşy göreşmäge bir uçgunyň tutuşmagyna garşýardylar we olam W.I.Lenin tarapyndan çakyldy, şeýdip Orsýetde 1917-nji ýylda “proletar diktatorçylygy” astynda “işçi-daýhan rewolutsiýanyň” ýeňiş gazandygy yglan edildi.
 1-nji jahan urşy döwründe ähli at-şöhraty kemsidilen Germaniýada bolsa “Nasýonal-sosýalistler” Adolf Hitleriň ara atýan şygarlarynyň töwreginde jebisleşildi. Hitler “uly Germaniýanyň” dörediljegini wada berip, Ýewropanyň dürli döwletlerinde ýaşaýan almanlaryň bir baýdagyň astynda ýygnanmalydygyny öňe sürýärdi. Şol esasda hem goňşy döwletlere goşun çekip başlady. Kreml bilen “birek-birege hülüm etmeli” (19 awgust 1939 Molotof-Riebentrob) ylalaşygyny aýak astyna alan Hitler Polşa hüjüm etmek bilen 2-nji jahan urşunyň oduny tutaşdyrdy we takmyn 50 million ynsanyň ölümine sebäp boldy. Bular barada ýeterlik derjede ýazyldy we ýazylyp gelinýär. Meniň bu ýerde esasy ara atjak zadym Staliniň millionlarça ynsany gyrgynçylyga berenligi we olary konst-lagerlerde ýok etmegi hakynda.
  Henize çenli Kreml hojaýynlary Stalin döwrinde edilen jenaýatlaryň doly paş edilmegine kes-kelläm garşy bolup gelýärler, arhiwler bolsa ýaplygyna durýar. Hatta Polşada edilen köpçülikleýin gyrgynçylyk diňe M.Gorbaçowyň “aç-açanlyk” döwründe KGB tarapynda amala aşyrlandygy boýun alyndy.
  Ýokarda agzalan kommunistleriň bilelikdäki beýannamalarynda “Ýewropada demokratiýanyň ösüşi ugrunda göreşilýändigi” öňe sürülýär. Geň galmaly. Kommunistler bir tarapdan “protetar diktaturany” ýeňişini şygar edýärler, aýry tarapdan demokratiýadan söz açýarlar. Demokratiýa bilen diktaturanyň nädip bir galyba sygjagyna biz-ä haýran.
  Eger olar unudan bolsalar, taryhyň sahypalarynda yz galdyran az-kände maglumatlar şol edilen jenaýatlaryň bir bölegini aýan edýär ahyryn. Mysal üçin şu aşakdaky dokumetde 6600 adamynyň 1-nji derejede jezalandyrylmagy hakda Staliniň görkezmesi bar.

Staliniň 6.600 adamynyň jezalandyrylmagy hakynda gol çeken permany.
(W.Bukowskiniň kollegsiýasyndan
NKWD-niň başlygy N.İ.Ýežow


Ýežowiň NKWD-niň başlygyna bellenmegi barasynda «Prawda» gazeti 1936-njy ýylyň 21-nji awgust sanynda uly harplar bilen «Hiç kime rehim etmeli däl» diýen sözbaşyny goýup, Staliniň we Yždanowyň şol ýylyň 25-nji sentýabrynda politbiro ýollan tellegramasyny çap edipdir:

  «Biziň pikrimize görä NKWD-niň başlygyna ýoldaş N.İ.Ýežowyň bellenmegi örän zerur we bu iş çalt edilmelidi. Ýagoda işini oňat başarmady. GPU-nyň dört ýyllap yza galan planlary bar.»


   Gyrgynçylygy amala aşyrmak boýunça Ýežowyň Staline ýazan bir haty
[1]:

    «Ýoldaş Stalin!
Şu hat bilen birlikde harby sutda işleri gozgalan adamlary 4 katogoriýe bölüp, gol çekmek üçin huzuryňyza ýollaryn:
1-   nji sanaw: Umumy ýagdaýlylar;
2-   nji sanaw: ozalky harby işgärler;
3-   nji sanaw: NKWD-niň ozalky işgärleri;
4-   nji sanaw; halk duşmanlarynyň aýallary.
Şulary birinji derejede jeza bermeňizi haýyş edýärin.»  

 Sibrdäki konst lagerleriň ýagdaýyny aňladýan surat. 
(W.Bukowskiniň kollegsiýasyndan)[2]

  Rus taryçylary Stalin döwrüniň jenaýatlaryny paş etmekde şeýle kynçylyklara duş gelýän bir wagtynda Türkmenistan ýaly henize çenli ýapyk bir döwletde beýle jenaýatlar hakynda gürrüň etmegi özi howply, sebäbi ýurtda höküm sürýän režiniň özeni diktura esaslanýar. Henize çenli Atabaýewleriň, Aýtakowlaryň nädip öldürlendigi hakynda hiç hili maglumat resmi taýdan çap edilmedi. Tersine olaryň at-hatyrlarynyň ýok edilmegine synanşyldy.
  Mälim boluşy ýaly Türkmenistanda gyrgynçylygyň ilkinji tolkuny 1930-njy ýyllarda başlandy. Bolşewikleriň adam iýýän maşyny “GPU” (soňraky KGB) bu gezek Türkmen halkynyň intellegensiýa wekillerini, ýaňy ýatişen milli-syýasy we medeni kadrlaryny ýok etmek üçin bir bahanany toslap tapýar. Şonda “Türkmen azatlygy” diýen bir “milli-buržaz” guramanyň bardygy we Türkmen liderleriniň oňa agzadyklary, bu guramanyň maksadynyň bolsa Türkmenistanda özbaşdak milli-buržaz döwletini esaslandyrmak ugrunda hereket edýändigini öňe sürüldi. Şol töhmetler bilen bolsa müňläp-müňläp adam gitse gelmez ýola ugradyldy. Türkmenıstanly taryhçylar henize çenli şol repressiýa ýyllarynda gurban bolan Türkmenleriň näçedigini anyklap bilmän gelýärler. Biz bu babatda häzirlikçe şu aşakdaky maglumat bilen çäklenip, sözümizi jemleýäris:

“Britaniýanyň Moskwadaky içlisihanasynyň Londona ýollan telegrammasynda Türkmenistanyň prezidentiniň, ýokary derejeli resmileriniň ýok edilendigi we bir topar liderleriniň, Komsomol ýolbaşçylarynyň işden çetleşdirlendigi habar berilipdir.[3]
Doc. 131
Wiscount Chilston to Wiscount Halifax.– (Receiwed August 27.)
My Lord,                              Moscow, august 20, 1937

In my telegrams Nos. 44, 48 and 51, Sawing, I had honour to report the downfall of the presidents of the Sowiet Republics of Tadjikstan, Armenia and Turkmenistan as well as numerous other bearers of high office in these republics. In other recent telegrams an despatches, I had to report numbers of arrests an imprisonments of high party and Gowernment officials in almost ewery part of the Union...
Shortcoming of the Komsomol leaders it has been decide to restore normal relation between Komsomol officials and put a stop of the “friendly” ....
                                                                                            CHILSTON

Akmyrat Gürgenli
 

[1] Roy Medwedow: Let History judge. Knopf. 1971
[2 Vladimir Konstantinovich Bukovsky; born December 30, 1942 is a former Soviet political dissident, neurophysiologist, author and political activist. (V.Pedia Free Encylopedia)
[3] British Documents On Forgien Affairs (1917-1939) Part II. Wol.14 Uniwersity Publications of America. S. 184

Thursday, January 6, 2011

Yigitlerimiz we siyasatlar

Döwrüň syýasaty we Türkmen ýigitleri
Halkymyzyň edermen we batyr ogul-gyzlary dörän her bir pursatdan peýdalanyp milli hak-hukuklaryny gorap geldiler we gelýärler.

 Soldan: R. Rahmany- N.Nejjary-Weljan ahun


گزارش شهربانی گرگان به تهران (1325) در مورد متینگ حزب توده در کومیش دپه
و سخنرانی ولجان آخوند وافی، رحمت نژاد، نازقربان نجاری و رحمان رحمانی در کلوب حزب.

1941-nji ýylda diktator Reza şah Pehlewi ýurtdan sürgün edilenden soňra dörän erkinlik atmosferadan peýdalanyp çepçi “Tuda” (halk) partiýanyň düýbi tutuldy. Bu täze hereket sosýal deňligi we demokratiýany özüne şygar edip alýpdy. "Tuda" partiýanyň beýannamalarynda SSSR-den hemaýat edilýändigi-de mese-mälimdi. Türkmenler bolsa TSSR (Türkmenistan Sowet Sosýalist Respublikasy) ýaly düzgüniň öz ýaşaýan topraklarynda (Türkmensährada) emele gelmegini arzuw edýärdiler şol sebäpdenem Eýranda hereket edýän beýleki partiýalara goşulmany, topar-topar bolup "Tuda partiýanyň" hataryna goşuldylar. Mugallymlar, daýhanlar, okuwjylar, işçiler, harbylar, hatta käbir ahun-mollalar hem “Tuda” boldular.
  Şeýlelik bilen 1941-47−njy ýyllar aralygynda biziň Türkmen topragymyzda syýsay taýdan has gala-gowply günler emele geldi. Şu ýerde bellemli mesele olam döwrüň intellegensiýa wekilleriniň özbaşdak milli bir platformalarnyň bolmanlygy we olaryň umumy Eýranda bolup geçýän syýsay akym bilen akyp gitmekleridi. “Tuda” partiýasy-da edil 1979-njy ýyldaky “Fedaýy”lar ýaly milli meseläni ikinji dereje goýup, synpy göreşi öňe sürüp geldi. Şeýlelik bilen Türkmenler üçin gaty zerur bolan milli oýanyş, milli erkinlik, milli syýasat... merkezi partiýalaryň bähbidi we beýleki şygarlarynyň arasynda unudyldy. Şol döwrüň intellegentleri her gün diýen ýaly Azerbaýjanda, Kürdüstanda bolup geçýän hereketleri goldap, Kümmetde, Bender-de we Akgalada mitingler geçirýärdiler, emma milli hak-hukuk talap edilip,  gaty seýrek protest demonstratsiýalar bolýardy. Edebi, medeni durmuşymyz hakynda alada edilmedi, ýakyn taryhymyzda bolup geçen, mysal üçin Osman ahunyň we 1924-nji ýyldaku gozgalaň hakynda ýaş nesillere maglumat berilmedi. Ynha şeýdibem 1947-nji ýylda Türkmen “Tuda”çylary Aşgabada bosa-bosluk edenlerinden tä 1979-njy ýyla çenli Türkmen sähramyzda bolup geçen wakalary analiz etmäge we geljekgi nesile sapak bolar ýaly ýatlama ýazmaga adam tapylmady we ýaşlarymyz ýene täzeden gurlan, täze bir syýsatyň pydasy boldular. Belki geljekgi neslimiz “ýaşyl”, “gyzyl” ýa-da başga bir reňki daşaýan syýasatlaryň pydasy bolmasynlar.
Akmyrat Gürgenli
06.01.2011

Tuesday, January 4, 2011

Milli ang-düşünje

Milli aň-düşünjämiz hakynda


  Mundan ozalky söhetimizde halkymyzyň milli kimligini, aňyny öçürmek üçin daşky we içerki faktorlaryň roly hakynda mesele gozgapdyk. Şonda Türkmen halkynyň uzak we ýakyn geçmiş taryhynda bu babatda görülen zalym çäreler dogrusynda azda-kände durup geçdik.
  Bu gezek milli aň-düşünje hakynda başga bir meseläni ara atasymyz geldi.
Milli aň-düşünjämiziň gadymyýeti hakynda:
  Hem ýazuwa geçirlen hem-de agyzdan-agyza eşidilen edebiýatymyzda, halk döredijiligimizde, ata-babalarymyzyň baryp asyrlaryň jümmüşinde durmuşyň her bir pudagyna degişli dürdäne ýadigärlikleri bize myras galdyrandygyna göz ýetirýäris. Biziň ata-babalarymyzyň ilkinji mesgen bolan Altaý daglarynyň jülgelerinde arheologik barlag işi geçirildi. Gazuw işler bu ýerdäki medeniýetiň biziň eýýamymyzdan 6000 bilen 3000 ýyl öňki döwre degişlidigi mälim boldy. Şol tapyndalardan üç sany iň möhümini belläp geçeýliň:

1.Pazerik halysy: 1949-njy ýylda rus arheloglaryň geçiren ylmy-gazuw işlerinde ajaýyp bir haly buw örtgüleriň astyndan tapyldy. Geň tarapy bu halydaky göller we salynan nagyşlar türkleriň-şol sandan türkmenleriň milli eposlary bolan Mete han (soňraky Oguz han) we onuň 24 sany nesli bilen baglanşykly. Halydaky 24 göl, onuň gyrasynda çitilen atyň, sugunyň we beýleki haýwanlaryň şekli onuň türkleriň durmuşyna degilidigini gürrüňsiz subut edýär. Bu halynyň türklere degişlidi hakynda haly boýunça bilermenler onuň “Türk dügüni/çitimi esasynda dokanlandygyny äşgär etdiler. Emme aňlary pars şounizimi bilen doldurlan käbir Eýranly saýtlarda hiçbir delil görkezilemezden onuň akamenidlere degişlidigi öňe sürülýär.
در سال 1949 میلادی گوشه ای از هنر باشکوه دوره هخامنشی توسط یک باستان شناس روس در دامنه جنوبی کوهای آلتایی در سیبری در منطقه‌ای به نام پازریک کشف شداین نوع گره ترکی و با رنگ‌آمیزی مسی روشن و سبز ملایم. طرح فرش شامل می شود از 24 مربع در متن که داخل هر یک ستارهای هشت پر وجود دارد و در حاشیه 28 تصویر اسب‌سوارانی که به طور دو نفر در میان بر روی اسب‌ها نشسته یا کنار آن ایستاده‌اند. تا پیش از کشف فرش پازریک این گونه تصور مي‌شد که ترك‌ها مبتکر این صنعت مي‌باشند اما شباهت بسیار فراوان با نقوش هخامنشیان و طرح این قالی نظرها متوجه ایران شد
http://www.daneshju.ir/forum/sitemap/t-76131.html

2. At: Geçen  asyryň  ortalarynda  ylmy  gazuw  işleriň  netijesinde  Altaý daglarynyň   Pazaryk depesindäki gonomçylyklardan  buwz  örtgüsiniň  astyndan  at jesetleri tapyldy. Üç müň ýyl mundan ozal ýere düýnelen ol atlaryň keçeden örtgüsi bolup, olar  aýry-aýrylykda jaýlanypdyr. Bu  atlar,  häzirki  türkmen bedewlerine örän çalym edýär.  Olar  dik aýak, dik boýun bolupdyr. Atlar, öz eýeleri bilen jaýlanypdyr. Atlaryň eýeleri bilen jaýlanşy barasynda Gorkut-Ata we beýleki  eposlarymyzda  maglumatlara gabat gelinýär. Şol döwürdäki ynançlara görä, bu atlar, ol dünýäde öz eýelerine hyzmat etmeli eken. Bir batyr  ýigit  dünýäden ötende, onuň atlarynyň guýruklaryny kesýärler, hossarlary gözlerden gan ýaş  akdyrýardy. Bu  hakda  baryp 6-nji asyrda Oguzlaryň arasynda syýahat eden   arap   iýlçisi   Ibn-Fadlen   hem   gyzykly  maglumatlar  galdyrypdyr. Şol wagtky türkmenleriň  ynançlaryna  görä: merhum öz atyna münüp, asmana uçup gitýärmiş. (Seret: Türkmen atynyň gelip-çykyşy, tohumy, pars dilinde, Tehran 1975
 تبارنامه اسب ترکمن. نشر انجمن سلطنتی اسب)

3. Daş ýazgylar: Häzirki Gyrgyzystanyň Yssk köl jülgesinden tapylan gadymy daş ýazgylarda ilkinji gezek Türk adyna gabat gelindi. Ýadigärlikleri Türk şazadalary we hanlary gazdyryp, olarda öz halkyna eden hyzmatlary hakynda gürrüň berilýär.
 Näme üçin bu üç elementi saýlap aldyk?
  Türkleriň gadymyýeti hakynda faktorlar diýseň kän. Olaryň ählisi hakynda bu makalada gürrüň edip bolmaz. Biz halyny, aty we daş ýazgylary saýladyk. Sebäbi haly dokamak sungaty diýseň inçe hem näzik, ony diňe baý bir medeniýetiň nesilleri dokap, dürli nagyşlar bilen bezäp bilýär. Halylar düşek üçin dokalypdyr, bu bolsa türkleriň öýe we onuň bezegine goýan ähmiýtiniň bir nyşany bolupdyr. Halyň göllerinde halkyň däp-dessurlary, edim-kylymlary-da suratlandyrlypdyr.
   At we Türkmen hakynda aýdara zat diýseň köp. Türkmenler ilkinjiler bolup aty ekde edipdirler. Oňa “adamyň ganaty” diýip baha kesipdirler. Medeniýetiň ösmeginde, harby ukybynyň ösmeginde at esasy rol oýnapdyr.
  Daş ýazgylardan görnüşi ýaly türkler ilkinjiler bolup ýazuw hatyny oýlanyp tapypdyrlar. Asly Türkdigi subut edilen Sumerler-de çüý hatyny ulanyp Mezo-potamiýa medeniýetiniň ösüşine uly hyzmat edipdirler.
  Diýmek ýazuw haty bar bolan, atlary bilen dünýäni sarysdyran we haly bezegleri bilen beýleki halklary aňyk eden türkmenleriň milli aň-düşünjeleri gaty baý bolupdyr.
  Şu ýerde ýene bir zady agzap geçesimiz geldi; olam türkleriň ilkinjiler bolup aý-gün hereketini synalap, bir güni 24 sagada bölmekleri (Oguz hanyň 24 neslini ýatlaň), Gün hudaýlary üçin ýörite däpleri ýerine ýetirmekleri boldy.
   Ýöne taryhy wakalaryň gidişi biziň ata-babalarymyzyň zyýanyna işläpdir. Olaryň üstüne gandöküşikli hüjümler amala aşyrlypdyr, şonuň netijesinde göçhä-göçlükler emele gelipdir, ozalky bina edilen ýadigärlikler tozdurlypdry. Has bolmanda zalym hem gorak tebigat olary ýedi gat ýere gömüpdir.
  Tutuş 19-njy we 20-nji asryň dowamynda halkymyz ýene-de bir giden hüjümlere tap getirmeli bolupdyrlar, bir ýandan ruslar, bir ýandan parslar, Hywadyr Buhara emirleri yzygiderli topragymyzy gana çaýkap geldiler. Şeýle hüjümlere sezewar bolan başga milletler taryhyň sahyplaryň bir eýýam öçüp gidipdiler, ýöne biziň halkymyz ýaşady, ýaşaýar, ýaşaram we arheologlarymyz ýere siňen medeniýetimiziň köp böleklerini tapyp ony dünýä aýan ederler. Türkmenistanda bolsa häzir bu ugrudan gowy iş alnyp barylýar.
Akmyrat Gürgenli

Sunday, January 2, 2011

Yakyn tarymyza syn

«Kommunizimiň howpy» we
Amerikanyň Marşal Plany,

“Parahatçylyk missiýa Kümmetgowuzda”- سپاه صلح

   Sowuk urşy odunyň has möwjän döwründe, ABŞ-lary kommunizimiň «howpuna» garşy Eýranda käbir çäreleri amala aşyryp başlady. İlkinji nobatda Eýrany, «Bagdad», «SENTO» ýaly paktlara/ harby ylalaşyklara agza edip aldylar.
   Amerika ösüp barýan ýurtlarda şol sandan Eýranda öz syýasy täsirini artdyrmak maksady bilen «Marşal» plany esasynda karz puldyr, azyk, imit kömegini berip başlaýar. Esasan prezident J.F.Kennediniň döwründe eýranlylara ýag, uwun, pudur görnüşli süýt paýlandy.
   Amerika şonuň ýaly-da Eýranyň dürli ýerlerine şol sandan türkmenleriň arasyna hem-de SSSR bilen serhet ýakalaryna ýörite misýonerlerini-de iberip başlady. Bize mälim boluşy ýaly 1964-nji ýyllarda iki sany Amerikaly, türkmen sährasynda iş alyp barypdyr. Olardan birisi Barkleý Moore, beýlekisi bolsa Michigan universitetiň etnografik alymy William İrons.

Soldan: Barkely Moore- W.Irons

  Dr. Barkleý Moore 1958-ynji ýylda Baptistler Dini Mekdebini tamamlap, bir ýyl soňra bolsa Kentucky universitetinden hukuk boýunça doktorlyk derjesini alýar. 1965-nji ýylda «Parahatçylyk boýunça Topara» meýletin bolup goşulýar we 6 ýyllap Kümmetgowuzda iş alyp barýar. Moore 1964-1970-nji ýyllar aralynda K.Gowuz şäher esasy bir kitaphanasynyň hem-de 31-sany kiçi okalgalaryň düýbüni tutýar, bir sany çagalar bagyny ýola goýýar.
Mr. Moore we türkmen okuwçylary bilen 1960-njy ýyllarda.
Ortada oturan yigit, şehit Ata Hanjany
Surat «ETROTR»-dan

Şol çagalar bagynyň esasynda soňra, 1000 okuçysy bolan 8 sany mekdebi döredýär. Oňa öz alyp baran işleri üçin, ozal hiç bir daşary ýurtla berilmedik, Kümmetgowuzyň «Hormatly watandaşy» diýen at berilýär, hem-de Eýranyň patyşasy we baş weziri, şonuň ýaly-da Amerikan prezidenti L.Johnson hem Nixon tarapyndan hormatlanýar. Dr. Moore şeýle-de ukyply käbir türkmen ýigitleriniň Amerikada okamaga mümkinçilik döretmek hakynda hem alada edipdir. 1972-nji ýylda K.Gowuzdan Amerika dolanyp baran Dr. Moore 1992-nji ýylda aradan çykýar.
W. İrons, 1965-67 we 70-nji ýyllarda serhat ýaka Narly, Ajy guýy obalarynda geçiren ylmy barlagy netijesinde Ýomutlaryň durmuşyna degişli kitabyny 1975-nji ýylda çap etdirdi. Kitabyñ ady: “The Yomut Turkmen: A Study of social Organization Among a Center Asia Turkic-Speaking population.”

Akmyrat Gürgenli