Abdylkerim Bähmen
Bolmazmy?
Üç bölnüp, mezlum bolan türkmenler
Birleşigiň ýolun tapyp bolmazmy?
Jahan lezzetinden mahrum ýörenler
Birleşmäge ýol alyp bolmazmy?
Bir entegimiz Eýran mülke çatyldy
Bir millionimyz Owgan ile gatyldy,
Millionlarça Türkmen herýana atyldy
Bir düşekde, ýenem üýşüp bolmazmy?
Nifak ody bizi her ýan göçürdi
Seltenetden, fahyrmyzdan düşürdi ,
Humaý guşy başlardan uçurdy
Uçan guşy ýenem tutup bolmazmy?
Tezar, inglis çeken çäklerin üzsek
Ýaýran göwherleri ýaňadan düzsek,
Guwanç derýasynda mest bolup ýüzsek
Bul pikiri ýola salyp bolmazmy?
Nirä gitdi Oguz hanyň şöwketi
Hany Mahmyt botşikeniň hem tagty?
Nirede ýatyr Seljuklaryň ak bagty
Ýatan bagty oýandyryp bolmazmy?
Türkmen ili, nirede bolsa oýansa
Mahmyt kibi güýçlerine daýansa,
Döwlet gurap, dirilikde guwansa
bul myrad piruz bolup bilmezmi?
Türkmen ýurt at tapyp bir döwlet
Gurulyban tapsa jahanda şöwket,
Türkmenler hem tapsa dünýäde lezzet
Bul düýşi haka ýorup bolmazmy?
Direlse Türkmensähranyň güýji
Balha ýeter tolkun atyp bir uwjy,
Şora taşla bu pähmini her möwji
Türkmenleri güýçlendirip bolmazmy?
********
No comments:
Post a Comment