MAGTYMGULYNYŇ GUBURYNA ZYÝARAT
«...Bu Gerçekleriň guburlar ilerki we gaýraky
türkmenleri birleşdirip
duran köpri bolup hyzmat edýär.»
1991-njy ýylyň maý aýynyn
17-si güni Magtymgulynyň guburyna zyýarat etmek üçin
giden 80 çemesi adamdan ybarat toparyň arasynda men hem bardym.
Daş düşelen täze ýol bilen barýan awtobusymyz
Aktokaýa tarap ugur aldy. Çepimizde Pyragynyň:
«Eý, söwdügim, Soňudagy,
Dagdanlydyr biliň seniň»
diýip, wasp eden dagy — adamlaryň «hyzmaty» bilen
dagdanyndan, görk-görmeginden jyda düşen Soňudagy garalyp durdy.
Dagyň ilersinde ilki bilen üňsümizi çeken zat
jülgelerde, dag eňňitlerinde, düzlüklerde arpadyr bugdaý maýsalarynyň parç
bolup oturmagydy. Özümiziň şolar bilen serhetdeş ne gözel ýerlerimiziň gugaryp
ýatanynyň şaýady bolansoň, hyrçyňy dişläniňi duýman galýarsyň. Ýogsa-da, düme
ak ekin ekilmesinem biz unudaýan-a däldiris-dä hernä?!
Birneme ýörelensoň, pes
jülgede bäş-on sany türkmeniň bize tarap ellerini guwançly bulaýandyklaryna
gözümiz düşdi. Olar Eýran topragynda gören ilkinji ildeşlerimizdi. Sus oturan
zyýaratçylaryň şundan soň gowry/sesi/ artdy. On kilometr çemesi geçilensoň,
garşymyzdan çykan motorly ýetginjek ok_kessirme geçýän ýaly, awtobusymyzyň
daşyndan bir sapar aýlandy-da, gelen ýoly bilen yzyna tarap zymdyrylaýdy. Onuň
obadaşlaryna söýün- jelemek üçin gyp basandygy bellidi.
Eýranyň Küren obasynyň uzakdan görnüp ugranam
şoldy welin, ol ýerden bize tarap eňen sansyz-sajaksyz motorly peýda boldy. Hä
diýmänem iki tarapymyz hormatly ugradyjylardan doldy. Ýaponiýanyň önümi bolan
«Ýamaha» kysymly ýalaňtar motorlara ikiden-üçden atlanan ýetginjekleriň
ulaglaryna erk edişleri, çakgan hereketleri sirk darbazlaryny ýada salýardy.
Awtobusyň bir eýlesine, bir beýlesine çalasynlyk bilen geçýän sürüjiler,
göwnüňe bolmasa, münüp barýan ulaglaryny maşynymyzyň aşagyndan geçiräýdimikä
diýen duýgyny döredýär. Ugradyjylaryň begenjini, şatlygyny ýüzlerinden okap
oturmalydy.
Oba ýetenimizde agyr
märeke ýoly baglady duruberdi. Awtobus bialaç saklandy Sürüjiniň ýanynda oturan
ažanyň (organ işgäriniň) ýüzi-gözi üýtgedi. Resmi
baglaşylan ylalaşyk boýunça ýolda saklanmak bolmaýardy. Awtobusyň gapdal aýna- laryndan görkezilýän suratlar,
adresler üýşen mähelläniň ýürek yzasyndan habar berýärdi. Olar bizin ilimizdäki
dogan- garyndaşlaryny soraglaýardylar.
Ýol aýrytlaryna toplanan
millet, «Toýota» maşynlarynyň üstündäki köp sanly jemende, öňden dilleşen ýaly,
el çarpyşyp başladylar. Ýaş-ýeleňler bolsa tans edişip, şatlygyny daşa
çykarýardylar, käbirleri bizi surata düşürýärdi.
Gurban M. Orazow äýnegini aldy-da, ony sürüjiniň
gapdalyndaky ýeke-täk penjireden eýranly gardaşlara uzatdy. Şundan son beýleki
zyýaratçylar hem alyp barýan sowgatlaryny üýşüp duran jemagata gowşurmagyň
aladasynda boldy. Sowgatlary alanlaryň barysy eline düşen peşgeşi birnäçe ýola
edep bilen maňlaýyna degrip aýyrýardy. Biz ene topraga, ata Watana dahylly her
bir zadyň saýry/ýat ýurtda mukaddesllige öwrülişiniň gözli şaýady bolduk.
Bu görnüş Eýranyň Şarlawuk obasynda hem (atdaş oba serhetden bärde-de bar) gaýtalandy.
Iki obanyň motorly, maşynly
adamlarynyň bary diýen ýaly biziň yzymyza düşdi. Muny
synlap barýan şahyr gelin Gözel Şagulyýewa: «Ildeşlerimiz häzir
biziň däl-de, Watanyň yzyna düşüp barýarlar»
diýip, bu görnüşi obrazly beýan etdi. Jaýdar aýdylan söz, dogrudan-da, biziň münüp barýan awtobusymyz
güneşli Türkmenistanyň bir ülşi/nusgasy bolup, Aktokaýa süýşüp
barýardy.
Eýranly ildeşlerimiz awtobusymyza şeýle
bir golaý gelýärdiler weli, biz «Ýaramaz hadysa bolmasa ýagşydyr» diýip ätiýaç edýärdik.
Aktokaýy
alkymlap oturan Etrek derýasyna heniz köpri gurulman eken. Ulagy suwuň pes
ýerini çaklap sürmelidi. Şobada ýerli türkmen ýigitleri egin-eşikleri bilen
suwa girip, sürüjä ýol görkezip başladylar. Olar yza tesip baryşlaryna, elleri
bilen «geliber-geliber» diýen yşaraty edip, beýleki kenara sag-aman alyp
çykdylar.
Maşynyň kenara çykanam
şoldy welin, murty taban bir ýetginjek: «Atabaý,
Atabaý» diýip, gapdalymdaky aýnany urup başlady. Ýanymda oturan TSSR
Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesinin birinji sekretary Atamyrat Atabaýew özüni tanandyklaryny
bada-bat duýdy. Atamyradyň ýaňagyndan begenç gözýaşy togalandy. Ol
goşhaltasyndan täze kitaplaryň birini çykardy-da, şol ýetginjege gowşurmak üçin
öňdäki açyk penjirä ýetmäge gyssandy.
Magtymgulynyň guburyna geçen ýylky gelişlikden
ildeşlerimiziň köpüsi bihabar galypdyr. Bu gezek weli, Aktokaý armanda galan
adamlardan ýana hyň berýärdi. Zyýaratçylaryň geljegini Türkmen radiosyndan
eşiden eýranly gardaşlarymyz bir hepdeden bäri bu ýere toplanyp, garaşyp ýören
bolsalar nätjek!
Adamlar çytr-çytyr
bolup, bizdäki dogan-garyndaşlarynyň suratydyr
adresini görkezmäge çalyşýardylar. «Hoş gelipsiniz!», «Bulardan tanaýanyňyz
barmy?», Gyzyletrekden kim bzr? Nebitdagly-ha dälsiň?», «Şarlawukdan kim
geldi?» «Araňyzda hojadan barmy?» ýaly
sowallar her ädimde eşidilýärdi. Aşgabatlyny soraglaýanlar köpdi. Seýregrägem
bolsa Maryda, Tagtabazarda, Daşhowuzda ýaşaýaw ildeşlerini idegleýänler hem
duşýardy.
Orta ýaşan berdaşly pyýada boýnuma towusdy-da,
mäkäm gujaklap, siltenip-siltenip esli salym sessiz aglady. Onýança ýanyma gelen
iki sany oral aýalyň birisi çignime ýapyşyp özelendi: «Jan ballym, bäriňe-de
nazar aýlasana, didaryňdan bir doýaly-la, geple, guzym, sesiň gulagymyzda
galsyn-da».
Aktokaýda başga-da bir täsirli duşuşyk boldy.
Agajet, uzynak pyýada ýanyma gelip, iki eli bilen mäkäm görüşdi: «Hoş gelipsiňiz,
sapa gelipsiňiz! Men Hajymämmet Gyzyl —
Döwletmämmet Balgyzylyň agtygy. Zähmet görmän, aşgabatly alym Allaberdi
Oraztagana salamymy ýetireweriň» diýdi.
Magtymguly bilen
Döwletmämmet Azadynyň guburlaryna tagzym edip, aýat — töwir okadylandan soň,
bizi sekiniň üstünde gurlan teläre tagam datmak üçin çagyrdylar. Şol wagt
sazlaşykly çykýan el çarpyşmasy eşidilip başlandy. El çarpyşmasynyň şowhuny
al-asmana galdy. Görsem, daşhowuzly şahyr Kakabaý
Ylýas teläre tarap barýar. Iki tarapa serpilip, ona geçmäge ýol açan
agyr märeke bolsa hyjuw bilen el çarpyp, şahyry mübärekleýär.
Düşege geçenimize
mähetdel saçagyň üstüne çenli adamdan doldy. Çuw-ak sakgally goja biziň geňirgenişýändigimizi
aňdymy, nätdimi, garaz, saçaga münenleriň adyndan ötünç sorady. Olaryň
ýagdaýyna düşünmezlik mümkin däldi. Saçakdan özge ýeriň mähellesi güw berýärdi.
Meniň ýanyma 35—40 ýaş
çemesinde bolan eýranly iki türkmen gelip oturdy. Tanyşdyk. Olaryň biri Gürgen
uniwereitetiniň pars edebiýaty mugallymy Şagazy,
beýlekisi bolsa eýran parlamentinde türkmenlere wekilçilik edýän iki deputatyň
biri Ýusup (Besenjide) eken.
Aşgabatda geçirilmeli Bütindünýä Türkmenleriniň Kongresine Eýran
tarapyndan gatnaşmaly ýedi adamyn biri edilip, Şagazy bellenipdir, ýöne bärden
baran çakylyk Eýranyň üç wekiliniň Kongrese gatnaşmalydygyny mälim edipdir.
Ykbal bu sapar oňa gülüp bakmandyr, emma ol göwniçökgünleriň hilinden däl.
Şagazy bu gün bolmasa, ertir ata Watany görjegine halys ýürekden ynanýar.
Şagazy meniň edebiýat mugallymydngymy
eşidende, çaga ýaly begenip, ýanyna gelenleriň baryna diýen ýaly: «Ata-da
edebiýat eken» diýip buşlaýardy.
Zyýaratda belli türkmen
satirigi Pyhy Taganyňky goşa getirdi.
Ol 1933-nji ýyldan bäri görmän ýören naçar
dogany Näzbibi bilen duşuşdy. Goja şahyryň gürrüňine görä, tä
1933-nji ýyla çenli serhet açyk eken. Onuň ýapylmagyna Ýežowyň alyp baran
syýasaty sebäp bolupdyr. «Meniň saçagym» kitabyny Myratdurdy Kazy tarapyndan
Eýranda çap edilendigini eşiden-de bolsa, Pyhy aga şatlygyndan uçarly göründi.
Zyýaratçylaryň
birnäçesinden özlerin- de galan täsirler barada gürrüň bermeklerini haýyş
etdim, Kakabaý YLÝAS, şahyr:
— Gören-eşidenlerimiz
barada häzir kesgin bir zat aýtmak aňsat däl, Eger telewideniýä surata düşüren
ýoldaşlar, şu günki ahwalaty tomaşaçylara dolulygyna ýetirmeseler, olardan gaty
dilgir bolaryn. Iki dünýä bar diýýärler welin, ol türkmenler üçünji dünýäni —
bizi küýseýärler. Olaryň Watançylygy çeniň-çakyň däl. Tebigatlary ýaly päkize.
Men ol ýerde özümiziň ýitiren zatlarymyzy gördüm. Birek-birege hormatyň
nusgasyny gördüm, Eger Prezidentimiz Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow goltgy
bermedik bolsa, bu zatlary görüp bilmezdik. Bular onuň türkmen edebiýatyna, sazyna,
medeniýetine çuňňur sarpa goýýanlygyndan nyşan. Beýle diýsem, meni
ýaranjaňlykda aýyplajaklar hem tapylar. Emma dogra — dogry diýmeli ahyry. Nowruzy
bellemeklige, Magtymguly günlerini geçirmeklige ejaza berenem prezidentimiz.
Begjan
Nyýazow, Prezidentiň ýanyndaky hukuk organlarynyň işini utgaşdyrýan sowetiň başlygy:
— Birek-birekden aýra
düşen garyndaşlaryň ahy-zarynyn şaýady boldum, Eýranyň
hem biziň serhetimiz bilen bagly meseläniň döwletli çözgüdini tapmak üçin her birimiziň öz ýerinde ýardam etmegimiz
zerur. Özüm barada aýtsam, bu ugurda tagallamy gaýgyrmaryn..
Çary
KULYÝEW, alym! .
— Dogan-garyndaşlarny
soraglap gelen eýranly ildeşlerimiziň juda köp bolanlygy zerarly, Magtymguly
bilen Azadynyň guburlaryna degişli derejede sežde etmäge mümkinçilik bolmady.
Guburlaryň ýanyna golaýlaşmak hem köpimize ýeňil düşmedi. Şonuň üçin geljekde
zyýarata barýanlar bilen görme-görşe gelýänleriň günleriniň biri-birine gabat
gelmezligini gazanmaly. Türkmenistanda, Eýranda
türkmenleriň medeniýet günlerini geçirmegi ýola goýmaly.
Magtymgulynyň guburyny
abadanlaşdyrmak üçin olaryň welaýaty serişde goý- beripdir. Bu maksat bilen
bizde hem birneçe işleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Meniň pikirimçe,
bu meselede iki tarapyň tagallasyny birikdirmegi zerur.
Myrat
ANNANEPESOW, taryh ylymlarynyň doktory:
— Şu gün şaýady bolan
wakamyz Türkmenistanyň uzak taryhynda aýratyn möhüm bir zat boldy. Aktokaýa
külli türkmen üýşdi. Ol gardaşlarymyz ýer-ýurt atlaryny tutubam ideşýärler
welin, esasan, tekeden, sarykdan, salyrdan, ýomutdan, gerkezden... kim bar
diýip ýüzlenýärler. Bu gün Magtymgulynyň guburynyň başynda külli türkmen
soraşyp, ideşip biri-birini tapdy. Bu gün türkmenleriň jebisleşen güni boldy.
Magtymgulynyň tirsegine galanyna şek ýok.
Berdi
MOLLAÝEW, TSSR-iň at gazanan artisti:
— Türkmen teatrynda
Magtymgulynyň obrazyny ilkinji bolup döretmek bagty meniň paýyma düşdi. Şahyryň guburyna zyýarat etmek
ýaşlygymdan arzuwymdy. Şol
arzuwym şu gün hasyl boldy.
Özüm-ä muny Mekgä haja gidenden zyýat bolmasa, kem göremok. Ykbaldan ýüze-müň razy.
Öwezmuhammet
MÄMMETNUROW, Türkmenistanyň Dizaýnerler soýuzynyň başlygy:
— Uzak Ýaponiýa saparym
hem şunuň ýaly täsir etmändi. Şeýle garşylanma düýşume-de girjek zat däl. Ilerki
türkmenler ata Watana şeýle bir teşne bolupdyrlar.
Kaka etrapynda Hojagala,
Mirgala atly obalar bar. Eýranda ýerleşýän Mirgala obasynda ýaşaýan biziň ýakyn garyndaşlarymyzy
soň Bujnurda göçürýärler. Ine, täleý
bu gün bizi birek-birege duşurdy. Dogan_oglanym bilen gujaklaşyp damagymyz dolup, on minut çemesi sözleşibilmän
dursak nätjek. Aýrylyşan mahalymyz ýadygärlik üçin sagadymyzy çalyşdyk.
Ýene bir ýatda galan
pursaty aýdaýyn. Ýanyma Bender türkmenli ýaş ýazyjy Hajy Durdy
Köse geldi. Ol
bir hekaýasyny elime tutdurdy. Bu hekaýany «Meniň
Watanymda» eşitdirmäge ýardam etmegimi haýyş etdi.
Şyhdurdy
ORADOW, hudožnik:
— Olar «Meniň Watanym» radiostansiýasynyň,
Türkmen telewideniýesinis işinden gaty bir
razy däl ekenler, «Boş gürrüňe kän orun berilýär,
aýdym-sazy az goýberýärsiňiz,
telewideniýäňiziň bernamasynda ýuwan
gepleşikler köp, görkezilýän kinolaryň agramy ors dilinde, bagşylaryňyz dik durup
aýdym aýdýar» diýip, kanuny nägilelik bildirýärler.
Atamyrat
ATABAÝEW, şahyr, Türkmenistanyň Lenin
komsomoly baýragynyň laureaty:
— Men bu ýerde şahyra
aýratyn sarpa goýulýandygyna göz ýetirdim. Biziň tele- wizýonymyza tomaşa edýändikleri
üçin, olaryň bärden
baranlardan tanaýanlary bar eken. Meniň bilen söhbetdeş bolan bir ýigit Yrak-Eýran söweşine gatnaşyp ýören mahaly
Türkiýe arkaly özüne «Gumsagat» kitabymyň gowşandygyny, «Dowamat-dowamy» köp okaýandygyny aýtdy.
Türkmen telewideniýesi üçin şol ýerde beren sowal-jogabynda
men şahyrlaryň il-güni birleşdirmekde,
agzybirlige çagyrmakda hemişe
uly hyzmatlarynyň bolandygyny, muny Magtymguly
bilen Azadynyň döredijiliginiň hem
tassyklaýandygyny aýtdym. «Abyrsyz
wagt geçenligine garamazdan, bu gerçekleriň
guburlary-da ilerki we gaýraky türkmenleri birleşdirip duran köpri bolup hyzmat
edýär» diýdim.
Meniň goşgularymyň
birinde şeyle setirler bar:
Aýdym
erkin bolmaly,
Adam erkin
bolmaly,
Ýöne erkin
bolmak üçin
Watan
diýip örküň bolmaly.
Ol ýerde
ýaşaýan türkmenlere Watan diýilýän mukaddeslik ýetenok.
Sapar wagty Aýdy (Ownuk) atly täsin türkmen şahyry bilen
tanyşdym. Aýdy arap elip- biýiniň esasynda türkmen elipbiýini döredipdir. Şol
elipbiý boýunça çap edilen bir kitapçasyny ýadygärlik üçin berdi. Nazar
Gullaýew ýaly atly alymlaryň bu elipbiýe degişli baha, kämilleşdirmek üçin
maslahat bermeklerini haýyş etdi. Hoşlaşmazymyzň öňüsyrasy bolsa Pyragynyň
«Buluda gardy meni» şygryny ýatdan okap berdi.
Eýranly türkmenler bilen surata düşdüm. Ýadygärlik ýazgylaryny ýazyp, kitaplarymy
sowgat berdim. Iş ýerimiň adresini
soranlara bolsa: «Garry mollanyň adyny ýatlaň. «Azady köçesi, şahyr
Atabaýewe» diýseňiz, hatyňyz gowşar» diýdim.
Aktokaý adamdan ýaňa hyň berýär. Bir gapdalda
türkmeniň meşhur zenanlary: Maýagözel
Aýmedowanyň, Maral Amanowanyň daşyna egrilen
gelin-gyzlaryň sany-sajagy ýok. Başga bir ýanda ýazyjy-şahyrlarymyzyň: Akjemal Omarowadyr Atamyrat Atabaýewiň, Kakabaý Ylýasowyň töwereginiň mähellesi egsiler ýaly
däl.
Zyýarat tamam boldy. Eýranly ildeşlerimiz bilen hoşlaşdyk. Saparymyzy guramaga
hemaýat beren adamlara
ýüz-müň alkyş aýdyp, yza
dolandyk. Serhet ýakasynda seleňläp oturan
Soňudagy dumanlap görünýär. Ondan aňyrda eziz Watanymyz
güneşli Türkmenistanyň giň
sähralary ýaýylyp ýatyr.
Ata
AKBÄBÄÝEW
SOWET EDEBIÝATY ŽURNALY 5/1991
Rus/kril hatyndan Latynça geçirip hödürlän:
ARNE GOLI.
26.04.2015
No comments:
Post a Comment