Sunday, April 26, 2015

ÝATLAMA: MAGTYMGULYNYŇ GUBURYNA ZYÝARAT 1991



MAGTYMGULYNYŇ GUBURYNA ZYÝARAT
«...Bu Gerçekleriň guburlar ilerki we gaýraky
türkmenleri birleşdirip duran köpri bolup hyzmat edýär.»


1991-njy ýylyň maý aýynyn 17-si güni Magtymgulynyň guburyna zyýarat etmek üçin giden 80 çemesi adamdan ybarat toparyň arasynda men hem bardym.
Daş düşelen täze ýol bilen barýan awtobusymyz Aktokaýa tarap ugur aldy. Çepimizde Pyragynyň:
«Eý, söwdügim, Soňudagy,
Dagdanlydyr biliň seniň»
diýip, wasp eden dagy — adamlaryň «hyzmaty» bilen dagdanyndan, görk-görmeginden jyda düşen Soňudagy garalyp durdy.
  Dagyň ilersinde ilki bilen üňsümizi çeken zat jülgelerde, dag eňňitlerinde, düzlüklerde arpadyr bugdaý maýsalarynyň parç bolup oturmagydy. Özümiziň şolar bilen serhetdeş ne gözel ýerlerimiziň gugaryp ýatanynyň şaýady bolansoň, hyrçyňy dişläniňi duýman galýarsyň. Ýogsa-da, düme ak ekin ekilmesinem biz unudaýan-a däldiris-dä hernä?!
Birneme ýörelensoň, pes jülgede bäş-on sany türkmeniň bize tarap ellerini guwançly bulaýandyklaryna gözümiz düşdi. Olar Eýran topragynda gören ilkinji ildeşlerimizdi. Sus oturan zyýaratçylaryň şundan soň gowry/sesi/ artdy. On kilometr çemesi geçilensoň, garşymyzdan çykan motorly ýetginjek ok_kessirme geçýän ýaly, awtobusymyzyň daşyndan bir sapar aýlandy-da, gelen ýoly bilen yzyna tarap zymdyrylaýdy. Onuň obadaşlaryna söýün- jelemek üçin gyp basandygy bellidi.
Eýranyň Küren obasynyň uzakdan görnüp ugranam şoldy welin, ol ýerden bize tarap eňen sansyz-sajaksyz motorly peýda boldy. Hä diýmänem iki tarapymyz hormatly ugradyjylardan doldy. Ýaponiýanyň önümi bolan «Ýamaha» kysymly ýalaňtar motorlara ikiden-üçden atlanan ýetginjekleriň ulaglaryna erk edişleri, çakgan hereketleri sirk darbazlaryny ýada salýardy. Awtobusyň bir eýlesine, bir beýlesine çalasynlyk bilen geçýän sürüjiler, göwnüňe bolmasa, münüp barýan ulaglaryny maşynymyzyň aşagyndan geçiräýdimikä diýen duýgyny döredýär. Ugradyjylaryň begenjini, şatlygyny ýüzlerinden okap oturmalydy.
Oba ýetenimizde agyr märeke ýoly baglady duruberdi. Awtobus bialaç saklandy Sürüjiniň ýanynda oturan ažanyň (organ işgäriniň) ýüzi-gözi üýtgedi. Resmi baglaşylan ylalaşyk boýunça ýolda saklanmak bolmaýardy. Awtobusyň gapdal aýna- laryndan görkezilýän suratlar, adresler üýşen mähelläniň ýürek yzasyndan habar berýärdi. Olar bizin ilimizdäki dogan- garyndaşlaryny soraglaýardylar.
Ýol aýrytlaryna toplanan millet, «Toýota» maşynlarynyň üstündäki köp sanly jemende, öňden dilleşen ýaly, el çarpyşyp başladylar. Ýaş-ýeleňler bolsa tans edişip, şatlygyny daşa çykarýardylar, käbirleri bizi surata düşürýärdi.
  Gurban M. Orazow äýnegini aldy-da, ony sürüjiniň gapdalyndaky ýeke-täk penjireden eýranly gardaşlara uzatdy. Şundan son beýleki zyýaratçylar hem alyp barýan sowgatlaryny üýşüp duran jemagata gowşurmagyň aladasynda boldy. Sowgatlary alanlaryň barysy eline düşen peşgeşi birnäçe ýola edep bilen maňlaýyna degrip aýyrýardy. Biz ene topraga, ata Watana dahylly her bir zadyň saýry/ýat ýurtda mukaddesllige öwrülişiniň gözli şaýady bolduk.
Bu görnüş Eýranyň Şarlawuk obasynda hem (atdaş oba serhetden bärde-de bar) gaýtalandy. Iki obanyň motorly, maşynly adamlarynyň bary diýen ýaly biziň yzymyza düşdi. Muny synlap barýan şahyr gelin Gözel Şagulyýewa: «Ildeşlerimiz häzir biziň däl-de, Watanyň yzyna düşüp barýarlar» diýip, bu görnüşi obrazly beýan etdi. Jaýdar aýdylan söz, dogrudan-da, biziň münüp barýan awtobusymyz güneşli Türkmenistanyň bir ülşi/nusgasy bolup, Aktokaýa süýşüp barýardy.
Eýranly ildeşlerimiz awtobusymyza şeýle bir golaý gelýärdiler weli, biz «Ýaramaz hadysa bolmasa ýagşydyr» diýip ätiýaç edýärdik.
  Aktokaýy alkymlap oturan Etrek derýasyna heniz köpri gurulman eken. Ulagy suwuň pes ýerini çaklap sürmelidi. Şobada ýerli türkmen ýigitleri egin-eşikleri bilen suwa girip, sürüjä ýol görkezip başladylar. Olar yza tesip baryşlaryna, elleri bilen «geliber-geliber» diýen yşaraty edip, beýleki kenara sag-aman alyp çykdylar.
Maşynyň kenara çykanam şoldy welin, murty taban bir ýetginjek: «Atabaý, Atabaý» diýip, gapdalymdaky aýnany urup başlady. Ýanymda oturan TSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesinin birinji sekretary Atamyrat Atabaýew özüni tanandyklaryny bada-bat duýdy. Atamyradyň ýaňagyndan begenç gözýaşy togalandy. Ol goşhaltasyndan täze kitaplaryň birini çykardy-da, şol ýetginjege gowşurmak üçin öňdäki açyk penjirä ýetmäge gyssandy.
  Magtymgulynyň guburyna geçen ýylky gelişlikden ildeşlerimiziň köpüsi bihabar galypdyr. Bu gezek weli, Aktokaý armanda galan adamlardan ýana hyň berýärdi. Zyýaratçylaryň geljegini Türkmen radiosyndan eşiden eýranly gardaşlarymyz bir hepdeden bäri bu ýere toplanyp, garaşyp ýören bolsalar nätjek!
Adamlar çytr-çytyr bolup, bizdäki dogan-garyndaşlarynyň suratydyr adresini görkezmäge çalyşýardylar. «Hoş gelipsiniz!», «Bulardan tanaýanyňyz barmy?», Gyzyletrekden kim bzr? Nebitdagly-ha dälsiň?», «Şarlawukdan kim geldi?» «Araňyzda hojadan barmy?» ýaly sowallar her ädimde eşidilýärdi. Aşgabatlyny soraglaýanlar köpdi. Seýregrägem bolsa Maryda, Tagtabazarda, Daşhowuzda ýaşaýaw ildeşlerini idegleýänler hem duşýardy.
  Orta ýaşan berdaşly pyýada boýnuma towusdy-da, mäkäm gujaklap, siltenip-siltenip esli salym sessiz aglady. Onýança ýanyma gelen iki sany oral aýalyň birisi çignime ýapyşyp özelendi: «Jan ballym, bäriňe-de nazar aýlasana, didaryňdan bir doýaly-la, geple, guzym, sesiň gulagymyzda galsyn-da».
 Aktokaýda başga-da bir täsirli duşuşyk boldy. Agajet, uzynak pyýada ýanyma gelip, iki eli bilen mäkäm görüşdi: «Hoş gelipsiňiz, sapa gelipsiňiz! Men Hajymämmet Gyzyl — Döwletmämmet Balgyzylyň agtygy. Zähmet görmän, aşgabatly alym Allaberdi Oraztagana salamymy ýetireweriň» diýdi.
Magtymguly bilen Döwletmämmet Azadynyň guburlaryna tagzym edip, aýat — töwir okadylandan soň, bizi sekiniň üstünde gurlan teläre tagam datmak üçin çagyrdylar. Şol wagt sazlaşykly çykýan el çarpyşmasy eşidilip başlandy. El çarpyşmasynyň şowhuny al-asmana galdy. Görsem, daşhowuzly şahyr Kakabaý Ylýas teläre tarap barýar. Iki tarapa serpilip, ona geçmäge ýol açan agyr märeke bolsa hyjuw bilen el çarpyp, şahyry mübärekleýär.
Düşege geçenimize mähetdel saçagyň üstüne çenli adamdan doldy. Çuw-ak sakgally goja biziň geňirgenişýändigimizi aňdymy, nätdimi, garaz, saçaga münenleriň adyndan ötünç sorady. Olaryň ýagdaýyna düşünmezlik mümkin däldi. Saçakdan özge ýeriň mähellesi güw berýärdi.
Meniň ýanyma 35—40 ýaş çemesinde bolan eýranly iki türkmen gelip oturdy. Tanyşdyk. Olaryň biri Gürgen uniwereitetiniň pars edebiýaty mugallymy Şagazy, beýlekisi bolsa eýran parlamentinde türkmenlere wekilçilik edýän iki deputatyň biri Ýusup (Besenjide) eken.
  Aşgabatda geçirilmeli Bütindünýä Türkmenleriniň Kongresine Eýran tarapyndan gatnaşmaly ýedi adamyn biri edilip, Şagazy bellenipdir, ýöne bärden baran çakylyk Eýranyň üç wekiliniň Kongrese gatnaşmalydygyny mälim edipdir. Ykbal bu sapar oňa gülüp bakmandyr, emma ol göwniçökgünleriň hilinden däl. Şagazy bu gün bolmasa, ertir ata Watany görjegine halys ýürekden ynanýar.
 Şagazy meniň edebiýat mugallymydngymy eşidende, çaga ýaly begenip, ýanyna gelenleriň baryna diýen ýaly: «Ata-da edebiýat eken» diýip buşlaýardy.
Zyýaratda belli türkmen satirigi Pyhy Taganyňky goşa getirdi. Ol 1933-nji ýyldan bäri görmän ýören naçar dogany Näzbibi bilen duşuşdy. Goja şahyryň gürrüňine görä, tä 1933-nji ýyla çenli serhet açyk eken. Onuň ýapylmagyna Ýežowyň alyp baran syýasaty sebäp bolupdyr. «Meniň saçagym» kitabyny Myratdurdy Kazy tarapyndan Eýranda çap edilendigini eşiden-de bolsa, Pyhy aga şatlygyndan uçarly göründi.
Zyýaratçylaryň birnäçesinden özlerin- de galan täsirler barada gürrüň bermeklerini haýyş etdim, Kakabaý YLÝAS, şahyr:  
— Gören-eşidenlerimiz barada häzir kesgin bir zat aýtmak aňsat däl, Eger telewideniýä surata düşüren ýoldaşlar, şu günki ahwalaty tomaşaçylara dolulygyna ýetirmeseler, olardan gaty dilgir bolaryn. Iki dünýä bar diýýärler welin, ol türkmenler üçünji dünýäni — bizi küýseýärler. Olaryň Watançylygy çeniň-çakyň däl. Tebigatlary ýaly päkize. Men ol ýerde özümiziň ýitiren zatlarymyzy gördüm. Birek-birege hormatyň nusgasyny gördüm, Eger Prezidentimiz Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow goltgy bermedik bolsa, bu zatlary görüp bilmezdik. Bular onuň türkmen edebiýatyna, sazyna, medeniýetine çuňňur sarpa goýýanlygyndan nyşan. Beýle diýsem, meni ýaranjaňlykda aýyplajaklar hem tapylar. Emma dogra — dogry diýmeli ahyry. Nowruzy bellemeklige, Magtymguly günlerini geçirmeklige ejaza berenem prezidentimiz.
Begjan Nyýazow, Prezidentiň ýanyndaky hukuk organlarynyň işini utgaşdyrýan sowetiň başlygy:
— Birek-birekden aýra düşen garyndaşlaryň ahy-zarynyn şaýady boldum, Eýranyň hem biziň serhetimiz bilen bagly meseläniň döwletli çözgüdini tapmak üçin her birimiziň öz ýerinde ýardam etmegimiz zerur. Özüm barada aýtsam, bu ugurda tagallamy gaýgyrmaryn..
Çary KULYÝEW, alym! .
— Dogan-garyndaşlarny soraglap gelen eýranly ildeşlerimiziň juda köp bolanlygy zerarly, Magtymguly bilen Azadynyň guburlaryna degişli derejede sežde etmäge mümkinçilik bolmady. Guburlaryň ýanyna golaýlaşmak hem köpimize ýeňil düşmedi. Şonuň üçin geljekde zyýarata barýanlar bilen görme-görşe gelýänleriň günleriniň biri-birine gabat gelmezligini gazanmaly. Türkmenistanda, Eýranda türkmenleriň medeniýet günlerini geçirmegi ýola goýmaly.
Magtymgulynyň guburyny abadanlaşdyrmak üçin olaryň welaýaty serişde goý- beripdir. Bu maksat bilen bizde hem birneçe işleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Meniň pikirimçe, bu meselede iki tarapyň tagallasyny birikdirmegi zerur.
Myrat ANNANEPESOW, taryh ylymlarynyň doktory:
— Şu gün şaýady bolan wakamyz Türkmenistanyň uzak taryhynda aýratyn möhüm bir zat boldy. Aktokaýa külli türkmen üýşdi. Ol gardaşlarymyz ýer-ýurt atlaryny tutubam ideşýärler welin, esasan, tekeden, sarykdan, salyrdan, ýomutdan, gerkezden... kim bar diýip ýüzlenýärler. Bu gün Magtymgulynyň guburynyň başynda külli türkmen soraşyp, ideşip biri-birini tapdy. Bu gün türkmenleriň jebisleşen güni boldy. Magtymgulynyň tirsegine galanyna şek ýok.
Berdi MOLLAÝEW, TSSR-iň at gazanan artisti:
— Türkmen teatrynda Magtymgulynyň obrazyny ilkinji bolup döretmek bagty meniň paýyma düşdi. Şahyryň guburyna zyýarat etmek ýaşlygymdan arzuwymdy. Şol arzuwym şu gün hasyl boldy. Özüm-ä muny Mekgä haja gidenden zyýat bolmasa, kem göremok. Ykbaldan ýüze-müň razy.
Öwezmuhammet MÄMMETNUROW, Türkmenistanyň Dizaýnerler soýuzynyň başlygy:
— Uzak Ýaponiýa saparym hem şunuň ýaly täsir etmändi. Şeýle garşylanma düýşume-de girjek zat däl. Ilerki türkmenler ata Watana şeýle bir teşne bolupdyrlar.
Kaka etrapynda Hojagala, Mirgala atly obalar bar. Eýranda ýerleşýän Mirgala obasynda ýaşaýan biziň ýakyn garyndaşlarymyzy soň Bujnurda göçürýärler. Ine, täleý bu gün bizi birek-birege duşurdy. Dogan_oglanym bilen gujaklaşyp damagymyz dolup, on minut çemesi sözleşibilmän dursak nätjek. Aýrylyşan mahalymyz ýadygärlik üçin sagadymyzy çalyşdyk.
Ýene bir ýatda galan pursaty aýdaýyn. Ýanyma Bender türkmenli ýaş ýazyjy Hajy Durdy Köse geldi. Ol bir hekaýasyny elime tutdurdy. Bu hekaýany «Meniň Watanymda» eşitdirmäge ýardam etmegimi haýyş etdi.
Şyhdurdy ORADOW, hudožnik:
— Olar «Meniň Watanym» radiostansiýasynyň, Türkmen telewideniýesinis işinden gaty bir razy däl ekenler, «Boş gürrüňe kän orun berilýär, aýdym-sazy az goýberýärsiňiz, telewideniýäňiziň bernamasynda ýuwan gepleşikler köp, görkezilýän kinolaryň agramy ors dilinde, bagşylaryňyz dik durup aýdym aýdýar» diýip, kanuny nägilelik bildirýärler.
Atamyrat ATABAÝEW, şahyr, Türkmenistanyň Lenin komsomoly baýragynyň laureaty:
— Men bu ýerde şahyra aýratyn sarpa goýulýandygyna göz ýetirdim. Biziň tele- wizýonymyza tomaşa edýändikleri üçin, olaryň bärden baranlardan tanaýanlary bar eken. Meniň bilen söhbetdeş bolan bir ýigit Yrak-Eýran söweşine gatnaşyp ýören mahaly Türkiýe arkaly özüne «Gumsagat» kitabymyň gowşandygyny, «Dowamat-dowamy» köp okaýandygyny aýtdy.
   Türkmen telewideniýesi üçin şol ýerde beren sowal-jogabynda men şahyrlaryň il-güni birleşdirmekde, agzybirlige çagyrmakda hemişe uly hyzmatlarynyň bolandygyny, muny Magtymguly bilen Azadynyň döredijiliginiň hem tassyklaýandygyny aýtdym. «Abyrsyz wagt geçenligine garamazdan, bu gerçekleriň guburlary-da ilerki we gaýraky türkmenleri birleşdirip duran köpri bolup hyzmat edýär» diýdim.
Meniň goşgularymyň birinde şeyle setirler bar:
Aýdym erkin bolmaly,
Adam erkin bolmaly,
Ýöne erkin bolmak üçin
Watan diýip örküň bolmaly.

Ol ýerde ýaşaýan türkmenlere Watan diýilýän mukaddeslik ýetenok.
Sapar wagty Aýdy (Ownuk) atly täsin türkmen şahyry bilen tanyşdym. Aýdy arap elip- biýiniň esasynda türkmen elipbiýini döredipdir. Şol elipbiý boýunça çap edilen bir kitapçasyny ýadygärlik üçin berdi. Nazar Gullaýew ýaly atly alymlaryň bu elipbiýe degişli baha, kämilleşdirmek üçin maslahat bermeklerini haýyş etdi. Hoşlaşmazymyzň öňüsyrasy bolsa Pyragynyň «Buluda gardy meni» şygryny ýatdan okap berdi.
  Eýranly türkmenler bilen surata düşdüm. Ýadygärlik ýazgylaryny ýazyp, kitaplarymy sowgat berdim. Iş ýerimiň adresini soranlara bolsa: «Garry mollanyň adyny ýatlaň. «Azady köçesi, şahyr Atabaýewe» diýseňiz, hatyňyz gowşar» diýdim.
  Aktokaý adamdan ýaňa hyň berýär. Bir gapdalda türkmeniň meşhur zenanlary: Maýagözel Aýmedowanyň, Maral Amanowanyň daşyna egrilen gelin-gyzlaryň sany-sajagy ýok. Başga bir ýanda ýazyjy-şahyrlarymyzyň: Akjemal Omarowadyr Atamyrat Atabaýewiň, Kakabaý Ylýasowyň töwereginiň mähellesi egsiler ýaly däl.
  Zyýarat tamam boldy. Eýranly ildeşlerimiz bilen hoşlaşdyk. Saparymyzy guramaga hemaýat beren adamlara ýüz-müň alkyş aýdyp, yza dolandyk. Serhet ýakasynda seleňläp oturan Soňudagy dumanlap görünýär. Ondan aňyrda eziz Watanymyz güneşli Türkmenistanyň giň sähralary ýaýylyp ýatyr.

Ata AKBÄBÄÝEW
SOWET EDEBIÝATY ŽURNALY   5/1991
Rus/kril hatyndan Latynça geçirip hödürlän:
ARNE GOLI.
26.04.2015

Saturday, April 25, 2015

Azatlyk Radiosynyň Taryhyndan






“Azatlyk” RADIOSYNYŇ TÜRKMEN
REDAKSIÝASYNYŇ TARYHYNDAN





1-“AZATLYK” RADIOSYNY GURMAK ÜÇIN DESLAPKY ÄDIMLER

Baryp 1950-nji ýyllaryň başlarynda, sowuk uruşyň ýitileşýän döwründe, anti-kommunistik meýilde bolan amerikan žurnalistlarynyň, publistleriniň we meşhur jemgiýetliçilik işgärleriniň bir topary, "Russiýa halklaryny azat etmekligiň Amerikan Komitetetini” döretdiler. Şonuň başynda Sowet režimi hakynda ençeme eseriň awtory we SSSR halklarynyň öz_ygtyýarly hak-hukuklarynyň tarapyna çykş edip gelen William Henry Chamberlin, meşhur publiçist Isaac Don Levine, ýazyjy William White, Birleşen Ştatlaryň Moskwadaky ozalky ilçisi Jhone Dine, Harwart Uniwersitetiniň professory William Elliot, görnukli elektrikşynas Tomas Edisonyň ogly Charlz Edison, prezident Franklin Ruziweltiň ýegeni Nikolas Ruziwelt, admiral Jhon Kork dagy durýardylar, Komitetiň ilkinji başlygy Amerikan harby deňiz flotynyň wice-admiraly Lesli Steweksdi. Bu Komitete soňra Ýewgeniý Daýons-da başlyklyk etdi. 


Friday, April 10, 2015

از ماست که بر ماست



(اؤز الیم، اؤز یاقام)

بررسی عوامل خارجی و داخلی سیاست تهاجمی رژیم در تورکمنیستان جنوبی


   در تورکمنی ضرب المثلی هست که میگوید: "یر غاتی بولسا اؤکۆز، اؤکۆزدن گؤره ر" معادل دقیق فارسی اش را نیافتم ولی بدین معنی است که اگر مشکلمان را نتوانیم بین خود حل کنیم، سبب آن را نزد دیگران جستجو می کنیم.
 
   در یکصد سال اخیر در نتیجه تهاجم عوامل خارجی و پارامترهای داخلی آن، ضربات جبران ناپذیری به بنیانهای سیاسی، اقتصادی و اجتماعی جنبش ملی- دمکراتیک ملت تورکمن وارد شد و این سیاست تهاجمی
امروز نیز با حدت وشدت بیشتری ادامه دارد.

نگاهی به روند جریانات مهم تاریخی
   بعداز سقوط قلعه گوک دپه و سرازیر شدن پای سالداتهای روسی به سرزمین تورکمن در ژانویه 1881 و بدنبال آن قرارداد ننگین "آخال" در نهم دسامبر همانسال سرزمین ملی ما بین دو ابرقدرت زمانه یعنی روسیه و ایران تقسیم شد. بدنبال جریانات جنبش مشروطه خواهی در روسیه و تضعیف این کشور در جنگ روس- ژاپن (1905) و قیام سراسری سوسیالیستهای روس، بالاخره در سال 1924 نظام جمهوری،در قسمت شمالی سرزمین ملی مان مستقر گشت. ولی پس از خروج نیروهای روسیه تزاری از ایران و تقویت پایگاه استعمار انگلستان در دربار قزیلباشان شیعه قاجاری، تنها و تنها مقصد شوم این روباه مکار ایجاد سیستمی متمرکز در ایران، برپائی دولتی حلقه بگوش و مطیع بود که این امر با سرکوبی شدید مقاومت جنبش تورکمنها برهبری عثمان آخون، قیام عربها برهبری شیخ خزعـل، آذریها برهبری شیخ محمد خیابانی، گیلانی ها برهبری میرزا کوچک خان، کردها برهبری اسماعیل خان سمیتقـو، خراسانی ها برهبری کلنل محمد تقی خان پسیان صورت عمل بخود گرفت و از آن تاریخ تاکنون حکام مرکزی تهران نشین دائما در سرکوبی جنبشهای اعتراضی این ملل ذره ای غفلت نکرده  و نمی کنند.

    در یکصد سال اخیر حکومتهای مرکزی ایران ضربات مهلکی به تن و جان ملت تورکمن وارد آوردند. سرکوبی قیام جمهوریخواهی سالهای 1304، سرکوبی قیام آنناگلدی سردار (آچ) در سال 1305، سرکوبی افسران انقلابی در مراوه دپه و گنبدقابوس 1326، سرکوبی و دستگیری رهبران جنبش انقلابی به بهانه تصفیه حساب با توده ای در سال 1327، زهر چشم نشان دادن به بقایای جنبش و قلمع و قمع آنها به بهانه سرکوبی مصدقی ها در سال 1334 ببعد، دستگیری وسیع مبارزان نسل جوان سالهای 1350- تقریبا 23 نفر تحت شکنجه وحشیانه ساواک قرار گرفتند،...  سرکوبی شدید و وحشیانه رژیم  ج. اسلامی به بهانه مبارزه با فدائیان در سال 1358 و ترور رهبران قیام... که حتی  امروزه نیز به هرگونه مقاومتی با سرب داغ جواب داده می شود.
    معمولا در بیان و تحلیل عوامل تخریبی بنیانهای سیاسی، اقتصادی و اجتماعی ملت مان به وجود عوامل خارجی بیشتر بها داده میشود و کمتر به نقش عوامل تأثیرپذیر داخلی آن اشاره می شود، در حالیکه این دو،  علت و معلول یکدیگرند. اگر به نقش و تأثیر عوامل خارجی تهاجم ویرانگرانه که صد البته رل اساسی دارد بیشتر بها داده از نقش عوامل مخرب داخلی غافل بمانیم، نمی توانیم مسبب بدبختی هایمان را بخوبی تشخیص داده علیه آن مبارزه نمایئم. در ادامه این مقاله با مثالهای مشخص به این مسئله بیشتر خواهیم پرداخت.
   می گویند تورکمنها در میدان نبرد و رزم مردان جنگی اند ولی در عرصه سیاست و دیپلوماسی معمولا بازنده اند. متأسفانه این را به نوعی، روند وقایع تاریخ معاصر ما به اثبات رسانیده است. نیروهای متحد و یکپارچه تورکمن مشت محکمی به مهاجمان قزیلباش شیعی قاجار در نبرد قارری غالا در سال 1850 وارد ساخت، و باز این مشت محکم و متحد تورکمنها بود که دمار از قشون سرکوبگر اعزامی به منطقه استرآباد در سالهای اواخر قاجاری و اوائل پهلوی وارد ساخت. سئوال اینجاست، چرا پس از آن همه جانفشانی و نبردهای قهرمانانه تورکمنها نتوانستند حکومت ملی خویش را مستقر سازند و یا حداقل امتیازاتی را در راستای تعیین سرنوشت داخلی خویش کسب نمایند؟ زیاد دور نرویم، در همین مبارزات اخیر در سال 1358 چرا بعداز آن همه رزم دلیرانه، رهبران قیام نتوانستند به حداقل خواستهای ملت خویش نائل شوند؟ آیا رهبران جنبش ما دیپلوماسی مناسبی نداشتند، آیا استراتژی و تاکتیک خوبی ارائه نداند، یا آنها نتوانستند دست دشمن را سر میز مذاکره بخوانند، یا آیا معامله ای بر سرمنافع ملت ما صورت گرفته است؟... چطور می شود سردار تورکمن آتاخان را از کومیش دپه- در سال 1302 به استرآباد دعوت می کنند و در همانجا سربه نیست می کنند، چطور انناگلدی قهرمان در دام تزویر نایب نیازی می افتد و با گلوله ای ناجوانمردانه وی از پای در می آید... و چطور می شود با آنکه شرایط بسیار و حساس و پیچیده ای در گنبدقابوس حاکم بود- سال 1358، شیرلی توماج و یارانش تدابیر امنیتی وسیعی را اتخاذ نکردند...
   درست است که دشمن برای نابودی مبارزات ملی از هر فرصتی استفاده کرده، دائما نقشه های شوم را طراحی و به اجرا در میآورد، این را گریزی نیست، ولی رهبران جنبش ما چگونه می توانند نقشه های آنانرا دفع و آنرا به ضد توطئه و هجوم تبدیل کنند؟ آیا هیچ راهی جز نبرد تا پای مرگ یا تسلیم وجود ندارد؟ آیا جنبش جهانی تجربیاتی از این دست را در اختیار ما قرار نمی دهد؟
   معمولا در بررسی وقایع تاریخی- سیاسی به تحلیل مشخص از شرایط مشخص می پردازند. این فکر بسیار درستی است. ما هم اکنون نمی توانیم با دیدگاه فعلی و شرایط حاضر به فلان واقعه تاریخی بنگریم و نسبت به چون چرائی آن، علل شکست و یا عدم موفقیت آن نظر دهیم. ولی این قدرت و توان را داریم که از آن واقعه تاریخی درس بگیریم و تجربیات آنرا بکار بندیم. بهمین سبب است که می گویئم اگر در مبارزه ملی، استراتژی و تاکتیک معین و مشخصی نداشته باشیم و یا بقول معروف هرچه پیش آید، خوش آید وار به پیشواز وقایع برویم مسلما به نتیجه مطلوب نخواهیم رسید. مبارزه علیه دشمن سرتاسر مسلح و مجهز به سلاح کشتار و ایدئولوژی تبلیغاتی، تاکتیکهای پیچیده ای می طلبد. سر در دم شمشیر دشمن قرار دادن و شهید شدن تنها را مبارزه نیست. شرایط مباره در هر مقطعی متفاوت است. در  دهه شصت و هفتاد وقتی مبارزه علیه رژیم منفور پهلوی در ایران اوج گرفت، چریکهای فدائی و مجاهد با الهام از مبارزات چریکهای آمریکای لاتین همچون چه گوارا، آنتونیو گرامیشی، به نتیجه "مبارزه مسلحانه، هم تاکتیک هم استراتژی" رسیدند. ولی اینک ادامه دهندگان این جریانات سیاسی مبارزه سیاسی را دنبال می کنند. از آن گذشته تجربه نشان داده است که مبارزه علیه دشمن فقط و فقط با شیوه نبرد تهاجمی به پیروزی نمی رسد. مگر مبارزه مهاتما گاندی علیه استعمار تابه دندان مسلح بریتانیا با مقاومت منفی به پیروزی نرسید! آیا مبارزه دکتر مصدق در جریان کوتاه کردن دست استعمار انگلستان از ثروت نفت ایران بطور صلح آمیز و از طریق دیپلوماسی به پیروزی نرسید...
   در اثر بزرگ شاعر ملی مان مختومقلی چنین قطعه ای وجود دارد: «البته دوشمانا سیاست یاغشی» . سیاست در عربی به معنی سیّاس، دوراندیش، مکر و حیله .. است. یعنی اینکه در شرایط مشخص می توان با دور اندیشی و مکر هم باید به نبرد دشمن رفت، این امر بدیهی است. دیگر برای خام کردن ما دوره شعارهای "تورکمنها ساده و صاف اند، آنها مهمان را بیشتر از پدر محترم می شمارند..." گذشت.
  بهمین سبب است که گفته میشود مبارزه سیاسی یک علم است که باید بخوبی آنرا فراگرفت و آنگاه به مصاف دشمن رفت.  البته و صد البته نمی خواهیم مبارزات جانفشانه شهدای قهرمانمان را کم بها نشان دهیم و یا آنرا کم ارزش توصیف کنیم، خیر... ولی ایکاش این سرمایه های گرانبها و جبران ناپذیر ملی مان، این جوانان و نیروهای آنان در راهی اصولی و تأثیرگذار صرف میشد.

عوامل خارجی تهاجم ویرانگرانه:
   این از بدیهات است که دشمن از هر فرصتی برای نابودی روحیه ملی و تصاحب سرمایه های ملی مان استفاده کرده و میکند. بعداز اشغال سرزمین تورکمنیستان جنوبی توسط قشون رضا پهلوی در سال 1304، اولین اقدام اشغالگران، تصاحب اراضی مزروعی مان بود و برای مقابله با جنبش عمومی، برنامه و سیاست آسسمیلاسیون و خودباختگی ملی را پیش گرفتند. از تغییر اسامی شهرها و روستاهایمان تا تغییر نام اشخاص و هویت ملی- فامیلی. بدنبال آن برنامه تمسخر فرهنگ ملی مان را در رأس پلان خویش قرار داده، کتابها، فیلمهایی را با رواج برتری زبان فارسی و فرو دست بودن زبان ملی را ترویج ساختند. در فیلمهایی چون "تورکمن"، "آراس خان" ناصر ملک مطیعی آنچنان با لهجه غیظ و زشتی فارسی حرف میزند که انگار تورکمنها اینگونه تکلم می کنند. در این فیلمها تورکمنها را تخم مار خور و یا آدمهایی که با عبا و دون تورکمنی به تهران آمده مورد تمسخر دختران مینی ژوپ پوش قرار میگرد، نشان دادند. رژیم ج. اسلامی نیز پس از یورش وحشیانه به سرزمین تورکمن، همان سیاست غارت و چپاول اقتصادی و مسخ فرهنگ ملی رژیم قبلی را با شدت بیشتری ادامه میدهد. با اینکه لباس زیبای ملی زنان و دختران ما بقول معروف نمایی از پوشش اسلامی است، رژیم سعی میکند با انواع فشار، ندادن شغل و یا نگذراندن از سد کنکور و غیره به خانمهای ما، مانتو چادر مشکی خویش را تحمیل میکند و یا اسامی جعفر و زینب و سمیه را بجای یاشار، سولماز و تایماز... پس تا این جا می بینیم که دشمن با هجوم نظامی، سیاستهای اقتصادی و فرهنگی خویش را در تسخیر بنیان های مادی و معنوی تورکمن را به اجرا در آورده و آنرا دنبال می کند. ولی آیا این تمامی واقعیت است؟ معمولا سکه دو رو دارد.

عوامل داخلی و زمینه ساز تهاجمات ویرانگرانه


   مسلما تا وقتی که عوامل نفوذی نباشد نقشه تهاجم خارجی با مشکل روبرو میشود. این عوامل نفوذی در هر برهه از تاریخ ملی مان از پشت به ملت مان ضربه زده اند و می زنند. اگر تا دیروز تورکمنهایی چون نایب نیازی بعنوان ژاندارم در خدمت استوارهای تریاکی رضاخانی بودند، اگر در رژیم پهلوی... و ... مأمورین ساواک بودند،  در اوائل "انقلاب" نیروهای به اصطلاح "جوانان پیشگام تورکمن" راه را برای فدائیان وارداتی به سرزمین تورکمنیستان جنوبی باز کردند- برخی از آنها حتی امروزه نیز با دیدن "مسولین" سابق شان، آب از لب و لوچه شان آویزان شده با عناوینی همچون "رفیق نگهدار، رفیق فتاپور..." آنها را مورد خطاب قرار می دهند. چه رفیقی، چه رفاقتی! اگر آنها حقیقتا رفیق ملت ما بودند و یا هستند باید به این سئوال آخوند ارزانش جواب دهند که چگونه در آن شب شوم 18 بهمن سال 58 یکی- یکی رهبران ترور شده را با تلفن از منزل ایشان به ستاد شوراها کشانیده موجب آن فاجعه گشتند. این "رفیق مسئول" آن شب پشت خط تلفن کی بود؟... (در اینجا قصدمان یکی نشان دادن پیشگام با مزدوران رژیم نیست)، نیز بودند تورکمنهایی که در شناسائی و شکار أنین ها، گورگن بهلکه ها به مزدوران رژیم خدمت کردند و نیز امروزه هستند تورکمنهایی که با موبایل خود عکس افراد و شماره ماشینهایی را که در جنبش سال گذشته صیادان شرکت کردند را برداشته آنها را  به "برادرانشان" رسانند. و این البته عجیب و غریب نیست چرا که بقول تورکمنها "سوو بار یرینده، باتغادا بار"، "سۆری آغساقسیز بولماز". اما نباید غافل بود که عوامل داخلی دشمن در لباس مختلف ظاهر می شود، گاهی عیان، و بیشتر مخفی عمل می کنند. مزدوران از شیوه های گوناگون، چون تبلیغات زهرآگین علیه فرهنگ ملی، کوچک و خوار و والا و برتر شمردن فرهنگ اربابان خویش استفاده می کنند...

و اما چگونه با این ترفندها و تهاجمات مبارزه کرد؟


   در شرایطی که امکان هرگونه مبارزه علنی و جمعی برای حداقل حفظ فرهنگ و کیستی ملی وجود ندارد، می توان مقاومت را به شیوه های دیگری چون مبارزه منفی پیش برد پیش برد، اما چطور:

- می گویئم توده ای ها و فدایی ها جوانان انقلابی ما را گول زده، آنانرا فدای سیاستهای ماجراجویانه خود ساختند.  این تفکر تا اندازه ای درست است، ولی در مقابل، آیا ما خودمان دارای تشکیلات مستقل سیاسی بودیم که آنها بخود جلب و جذب نمایئم؟ آیا جوانانمانرا به سلاح سیاسی و با ایدئولوژی تورکمنی مجهز کردیم که آنها مجذوب سیاستگران بیگانه نشوند. آیا ما توانستیم خودباوری ملی را در بین جوانانمان گسترش دهیم... این و صدها از این نوع مسائل همچنان جدیت خود را حفظ میکند و منتظر روزی هستیم که جوانان ما دیگر تنها و تنها در تشکیلات ملی – سیاسی خویش فعالیت نمایند و تا رسیدن آن روز مسئولیت سنگینی بر دوش فعالین واقعی سیاسی قرار دارد.

  می گویئم، رژیم ج.اسلامی مانع تدریس زبانهای ملی در مدارس می شود و یا از انتخاب اسامی تورکمنها به فرزندانمان جلوگیری میکند،
   می گویئم که رژیم اسامی شهرهایمان را از ترکمنی به فارسی تغییر می دهد...

   اینها کاملا درست است، ولی، ما در مقابل این تهاجم فرهنگی چگونه مقاومت کردیم و باید مقاومت کنیم.
در اوائل انقلاب اسلامی وقتی رژیم در تهران مدارس ارمنی را موقتا تعطیل کرد، بسیاری از مادران ارمنی در منازل  زبان مادری را خودشان به فرزندانشان آموختند.
   خوشبختانه اینک روز بروز بر تعداد مادران تحصیلکرده ما افزوده میشود، اگر والدین در منازل به زبان ملی صحبت کرده، کتابهای تدریس زبان تورکمنی را از تورکمنستان تهیه کرده، در آموزش زبان ملی کوشا باشند، آیا باز هم ترفندهای رژیم کارساز خواهد بود؟آیا ما در این باره به مسئولیت خطیر خویش آگاه بودیم؟ 
   اگر ما در اوائل انقلاب- همانند بندرتورکمن، اسامی شهرهایمان مثل گنبد قابوس را به نام حقیقی اش گورگن، آق غالا، آی درویش و... را با تلاش همگانی به تصویب وزارت کشور می رساندیم، دیگر برای رژیم مشکل می شد که به آسانی نامهای ناهمگونی چون سیمین شهر و نگین شهر و... به ما تحمیل نماید.
   اگر در آن ایام نام واحد جغرافیایی و سرزمین ملی مان را تحت عنوان "تورکمنستان جنوبی" و یا حداقل با عنوان "تورکمن ایلی" به تصویب می رساندیم، امروزه با حذف حتی اسم تورکمن از واحد جغرافیایی مان- به گلستان روبرو نبودیم. ولی متأسفانه برخی از "فعالین سیاسی" خارج نشین، هنوز که هنوز است بجای تبلیغ نام تورکمنیستان جنوبی با لجاجت تمام به نام تورکمنصحرا چسبیدند و ول کن معامله!! نیستند. اگر از آنها بپرسید که شمه ای در باره ریشه و تاریخچه اصطلاح "تورکمنصحرا" بگویند که این واژه از کجا آمده و شما چرا به این اسم چسبیدید، مطمئن هستیم کلامی نمی توانند بگویند. صرفا و صرفا بخاطر لجاجت با "کانون" هم شده آنها نمی خواهند از چیزیکه بدان چسبیده اند دل بکنند. بگذار همینطوری بمانند.
 حتی در سایت های اینترنتی داخلی و نشریات، بدون هیچگونه آگاهی دائما از کلمه "قوم" برای ملت تورکمن استفاده می کنند، آخر برادر عزیز چه قومی چه طایفه ای، آیا نمی دانی تورکمن هم مانند دیگر ملل ساکن ایران، ملتی است برای خود.

   اگر رژیم درانتخاب اسامی تورکمنی برای فرزندانمان مانع ایجاد می کند، آیا ما با تکیه بر سنت و فرهنگ قدیمی مان که هر نوزادی دارای دو اسم است، نمی توانیم برای نوباوه مان اسم مناسب تورکمنی انتخاب کرده خودمان وی را با آن اسم مسمی سازیم؟
   و آیا تا آنجایی که مجبور نباشیم، از مقنعه و چادر سیاه تحمیلی دوری جسته، لباس ملی مان را بر تن مان برازنده ساختیم؟
   آیا به موسیقی ملی مان اهمیت داده، در منزل و ماشین به موسیقی تورکمنی گوش می دهیم. آیا بجای کانال های تلویزیونی مبلغ مذهب شیعی، آنتن تلویزیون مان را به سمت آشغابات چرخاندیم؟ آیا در خانه تورکمن عکس مختومقلی، این سمبل وحدت ملی ما آویزان هست؟

  می گویئم زابلی ها و یا پاسدارها در سطح وسیعی به پخش مواد مخدر در تورکمنیستان جنوبی مشغول بوده بسیاری از جوانان ما را آلوده می سازند. اما ما در مقابل این توطئه های شوم آنان چه کردیم؟ آیا از آنچنان عقل و شعوری برخوردار نیستیم که در دست رد به سینه توزیع کنندگان مواد مخدر بزنیم. آیا نمی دانیم انسان معتاد برای تهیه مواد حتی از ناموس خود هم می گذرد.

   می گویئم که زابلی ها و دیگر بیگانگان مهاجر به تدریج زمینهای ملکی از تورکمنها خریده، خود دارای آب و ملک در سرزمین ما شده، تورکمنها مجبور به مهاجرت به شهرهای فارس نشین می شوند. آیا ما نمی دانیم که با این ترفند اسرایئل، اعراب فلسطینی را بیچاره و بدبخت کرده، مستأجرین دیروز به صاحب خانه های امروزی مبدل شدند. اگر به این حیله ها و ترفندها آگاه نبوده، چشم مان را بر این حقیقت ببندیم، شایسته انسان آزاد و صاحب سرزمین خویش نخواهیم بود.

  می گوئیم که فلان گروه مثلا شیعی، زابلی، ارمنی و... با موذیگری سعی می کنند در بین جوانان ما نفوذ کرده آنها را در دام تبلیغات خویش گرفتار سازند- ممکن است. از دشمن هر چه بگویید بر می آید. اما در مقابل ما چه کردیم، چه می کنیم و چه باید بکنیم؟
  آیا پیشگامان جنبش ملی ما، درباره نقش مخرب این گروههای نفوذی بیشتر از همه خودشان مطلع هستند؟ آیا روشنفکران ما درباره نقش مثلا تاجران و سوداگران ارمنی که در جنگ گوک دپه- 1881  چسان در حالیکه سربازان روس به کشتار تورکمنها مشغول بوده و از منازل آنان قالی و زیور آلات را بغارت میبردند، این تاجران ارمنی به بهای یک لیوان عرق آنها را از دست سربازان روس در میآوردند و مانند لاشخور به انتظار مرگ تورکمن دیگری می نشستند! یا در مقابل نقش گروههای مبلغین "امام زمان" ج. اسلامی که هم اینک سعی دارند تمامی مکتب خانه های سنی ها را در تورکمنیستان جنوبی تحت سیطره خود در می آورند. آیا ما توانستیم ملاهای خود را به علوم نوین مجهز سازیم؟ چرا آخوندهای ما در باره جنایات رژیم جیک شان را در نمی آورند؟ چرا نماینده تورکمن- مثلا رستگار فقط و فقط به کرسی اش چسبیده  و ...

خلاصه کلام ان که...
    پیشگامان جنبش ملی ملت ما بیش از هر چیز به نقش تخریبی این نوع فعالیتهای رژیم بیش از بیش آگاه شده، آنرا در میان مردم ترویج نمایند. با گلایه کردن کار درست نمی شود، بلکه در مقابل این نوع ویروس و میکرب دشمن باید آنتی پاتی آنرا جست، یعنی با آگاه ساختن توده های وسیع، حداقل از میدان تأثیر رسانی آن کاست.
آقمیرات گورگنلی