ILBÄHBIDI MASLAHAT!
«Bimanynyñ sözi janyñdan
öter,
Gybat edip özi günäge batar,
Ýamanyñ zyýany iline ýeter,
Nadanyñ peýdasy özüne
degmez.»
Magtymguly
Daşary
ýurtlarda esaslandyrlan Türkmenleriñ internet sitlaryñ hersi açyp göräý, onda «pars
şowenizmi», «şowenistler, Türkmen halkyny ýok etmekçi boýlar», «parslar,
Türkmeniñ diliniñ, däp-dessurynyñ köküne patla urmakçy boýlar» diýen äheñde
onlarça makala duş gelersiñ. Maklalarda köplenç şowenistleriñ primleri barasynda
söhbet edilýär, ýa-da bu mesele bilen baglanşykly bir parsyñ sarmamasyna bir
Türkmeniñ parsça jogap berşine gabat gelýärsiñ. Şeýdibem turýar bir
ala-galmagal, hakly kim, nähak kim bilmän galýarsyñ. Halky bolsañ-da nähak bolup
görünýärsiñ, sebäbi, biziñkiler edil parsyñ islänini edýärler, olaryñ guran
duzagyna düşýärler. Eger «olar biziñ dilimiz ýok etmek isleýär» diýýän bolsañyz,
onda näme üçin ýene olaryñ diline ýazýarsyñ, munuñ özi ilkinji nobatda seniñ öz
ene diliñe hormat goýmaýandygyñy añladýar. Käbirleri bolsa şeýleräk äheñde oýlanýarlar,
ýangy «زبان مادرینی باید حفظ اتملی ». Görşümiz ýaly bu
parsça sözlemde diñe «etmeli»si Türkmençe. Onsoñ şeýle oýlanýanlarymyzden nämä
garaşyp bolar?! Olar şowenizmiñ abandyrýan howpunyñ örän çynlakaýdygyna göz ýetirip
bilýärlermikä?
Her bir milletiñ diliniñ, däp-dessurynyñ,
umuman milli kimliginiñ ösmegi döwlet derjesindäki tagallar esasynda ýetmek
mümkin. Biz Türkmenler üçin, Türkmenistan etalon, orientatsiýa, başçagaça aýdanymyzda
kyblagähimiz. Ol ýerde döwlet derejesinde görülýän medeni çäreler daşary ýurtlarda
ýaşaýanlar üçin uly galwuz/ýol görkeziji bolmaly. Ýöne Türkmenistana baş bolup
oturanyñ özi Türkmen dilini syýlamasa nädersin. Şirazly hoja Hafiz aýytmyşlaýyn:
خانه از پای بست ویران است خواجه در بند نقش ایوان
است
Terjimesi:
«Bina düýbünden çüýrük, Hoja onuñ eýwanyny bezemek bilen»
Dünýä liderleri özlerine myhman gelen ýa-da
myhmançylyga baran döwlet baştutanlary bilen duşuşyklarynda resmi protokol boýunça
öz ene dillerinde gepleýärler, emma Türkmenleriñ başyna bela bolup inen Saparmyrat
Ataýewiç Nyýazow (Atamyratdowyç däl!) resmi myhman gelende-de, ýa-da seýrek
Moskwadyr Eýrana baranda-da derrew rusça gürläp başlaýar. Beýle ýagdaý ýyllardan
bäri garaşsyz bir döwletiñ hasratynda hem umyýdynda daşary ýurtlarda ýaşap gelenlerde
göwün çökgünlige, pessemize alyp gelýär. «Mundanam bir döwlet baştutany bolarmy»
diýip, Ata watandan sowaýar. Türkmenistanyñ döwlet baştutanynyñ şu derejede öz
medeniýetinden, Türkmen dilinden (ene dili diýemok!) bizar bolmagy, şowenistik
zäheriniñ onnuñ ganyna mahul ornaşandyygny görkezýär.
Türkmenistan bilen goñşy Eýrandyr Owganystanda ýaşaýan Türkmenler onsoñ
nädip bu döwletlerde hereket edýän şoweniziñ gysyşyndan halas bolsunlar?! Ýöne
olar tapdan düşmäñ, başardyklaryndan bu kesele garşy göreşip gelýärler. Bu
babatda olar henize çenli dogry ýoly tapmakda kyýnçylyk çekip gelýärler.
Owganystanda ýaşaýan Türkmenleri alyp göreýliñ. Uzakdan görseñ başyna
5-6 meter matany selle edip oran, geýen eşikleri täjigiñkimi, peştunyñkymy saýgaryp
bilmersiñ, sakgal bolsa bir garyş. Şeýle keşip bilen onuñ Türkmenligine nädip
kepik geçip bolar, näme, ol ýerde goýun dirisi azmy, Türkmen telpek dikýän ýokmy,
has bolmanda telpek bir Türkmençe bolsady-diýip arzu edýärsiñ. Eýranda ýaşaýan
Türkmenler-de bir-birlerine duşuşanlar: «Salam agaý-e …» diýip, erkeklige
gelişmeýän «pakda-pak» ýüzlerinden öpüşýärler. Türkmenlerde salamlaşmanyñ öz
kadasy bar. Hatta oturup, turmanyñ özüne mahsus däbi bar. Bulardan habarsyz
adamlaryñ Türkmen medeniýetinden daşda galandygyny görkezýär. Bu diýseñ gyýnandyryjy
fakt.
İndi başda agan temamyza dolanyp gelsek. Ýangy pars şowenizmi bizi ýok
etmek meselesi. Elbetde bu inkär edilmejek hakykat. Ýöne bu awuly zäheriñ biziñ
aramyzda ýaýramgynda kim/kimler günäkär. Parslar-a ellerinden geldiginden öz
maksatlarynyñ ugrunda «jan çekýärler» ýöne biz nädip onuñ öñünde durmaly, nädip
bu bela-beteriñ köküne patla urmaly? Bu diýseñ derwaýys mesele.
Eger
bu göreşde ok-ýaragdyr maddy güýjümiz çatmasa, azlyk edýän bolsa onda has
bolmanda parslaryñ öz usullaryndan peýdalanmaly, ýangy biziñ dilimiz ýok
etmekçi boýlan bolsalar, onda oña garşy, dilimiz berk goramaly, öz ene
dilimizde ýazmaly. Bu ýeterlikli bolarmy? Elbetde ýok. Dogrusy «it üýrer kerwen
geçer» diýlenini edip, olaryñ sarmamalaryna jogap berjek bolup jedelleşip-parsça
ýazyp oturmaly däl. Sen öz halkyñ taryhyny, däp-dessuruny, dilini öwredmäge syýnanşsañ,
şonuñ özi uly söweş, göreş. Elinde häkimiýet, güýç bolan bolan Eýran hökümeti,
Türkmenlere garşy her gün diýen ýaly mekirli plan düzüp ony amala aşyryp gelýär.
Biz bolsa oña garşy durmagyñ ýerine, olary paş etmegiñ hem göreş ýollaryny oýlanmagyñ
ýerine, ýene-de aldygyndan parsça jogap berjek bolup başagaý bolup ýöris, olaram
makasada ýedýäris diýip, «kah-kah» biziñ üstümizden gülýärler.
Hakykatdanam pars şownizminiñ howpunyñ depämiziñ üstünde «Domokles»iñ gyljy
ýaly duýýan bolsak, onda olaryñ özi ýaly, öz uslulary bilen göreşmeli, ýene bir
gezek gaýtalaýaryn, TÜRKMENÇE ÝAZMALY, olara TÜRKMENÇE JOGAP BERMELİ. Şeýtsek utarys ýogsa utduran
bizden başga hiş kim bolmaz. Olar kör bolup terjime etdirerler. Näme häzir
Tehranda içalylyk gullugynda Türkmençe makalalar terjime edilmeýärmi? Elbetde
edilýär. İki-de bir «aý parslar eýdýärler, beýdýärler, şowenistik pikri öñe sürýärler»
diýmek bilen aljak galamyz bolmaz. Türklerde «dinsiziñ hütdäsinden yýmansyz»
geler diýen ata sözi bar. Şoña görä olara öz ýöntemi/usuly bilen jogap bermeli,
ondan-da beter, milli kimiligimiz hakyndaky dawamyzy/göreşimizi has ýokary tapgyrlara
ýetirip, milli taryhymyzyñ gadymlygy, baýlygy, dilimiziñ olaryñkydan üstünligi,
dap-dessurlarymyzyñ ynsanperwerdigi barada berk aýak diremeli. Dilimiziñ baýdygy
hakynda birnäçe mysal: Pars dilinde köýnege «پیراهـن » diýýäler, pir = garry, ahen = demir,
munuñ niresi köýnek boýlar, «towşana» (خرگوش )= eşek gulak diýýärler, garpyza(خربزه )=eşek-geçi diýýärler, olam ýene-de garpyz däl-de,
gawun diýdikleri, «azal,a» demir sygyyr (گاو آهـن), demir sandyga
sygyr sandyk (گاو صندوق) diýýärler. Parslar
bir topar sözi iýmek «خورد » işlegi bilen añladýarlar, su içdim= آب خوردم , çörek idim= نان خوردم , sowukladym= سرما خوردم , ýykyldym= زمین خوردم , aldandym= گول خوردم …
Şir «شیر » sözüni, hem içilýän süýt, hem ýolbars hem çürnük üçin ulanýarlar. Garaz sanasañ sanap oturmaly. Bulardan maksat
dilimiziñ baýlygyndan biriki mysal getirmek, aýtsañ aýdyp oturmaly.
Şeýle baýlyga eýe halkyñ perzentleriniñ öz
milli kimliklerini beýan etmäge mümkinçiligi köp, zeýrenmäge hajat ýok.
Kä wagt oturyp-oturyp geñ galýarsyñ,
biziñkiler baryp «itiñ ölen ýeri» Afrikadaky Nelson Mandellanynyñ durmşyna
belet-de öz Aba serdarlaryny, Gowşut hanlaryny, Kyýat
hanlaryny, Jüneýt hanlaryny, Gaýgysyz Atabaýlaryny, Aýtaklaryny...
tananoklar, atlaryny-da eşitmändirler. «Saýat han» aýalmy erkekemi? diýeñde
elbetde erkek diýýp jogap berenlerimiz-de bolmadyk däl. Onsoñ öz kimliklerinde
şeýle daşlaşana, eline bolanlara, halkymyzyñ ykbaly barasynda parslar bilen jedelleşip,
özlerini kiçildişine nädip başyñy ýaýkamajak.
«Köp söz kurana» ýaraşar diýilişi ýaly, sözi uzadyp uturmalyñ. «Özüni
tanan weli» diýipdirler. Başda özüñi tana, onsoñ, halkyñ ar-namysy ugrunda
göreş. Seniñ başyñ dik, göwsüñ gabarar ýaly ata-babalarymyz är işini
bitirendirler. Sözümizi beýik Magtymgulynyñ sözleri bilen başlapdyk, onuñ
sözleri bilenem jemleýäris:
«Magtymguly gördüñ ýagşy ýamany,
Ýalançynyñ bolmaz anty, yýmany,
Yrak eýle, barsañ almaz myýhmany,
Her kimiñ öz ili, watany ýagşydyr.»
No comments:
Post a Comment