Diller howp astynda
Birleşen
Milletller Guramasynyñ Medeni Guramasy UNESCO, dünýäde häziriñ özünde bar bolan
6 müñ diliñ üçden biriniñ ýer yüzünden ýok bolmak howpyna duçar bolýandygy
bilen duýduryş berdi.
"Bir
dil ölen ýagdaýynda, dünýäniñ medeni mirasynyñ möhüm bir bölegi-de ýitip
gidýär. Nesiller boýy, dilden dile geçen, ertekiler, mifler, şygyrlar, ata
sözleri, şol milletiñ söz hazynasy birbada ýitip gider." Diýip, UNSCO-nyñ
beýannamasynda nygtalýar.
Alaskanyñ ýerli
dili “Eyak”-ça gepleýän soñky adam, Marie Smith Jones 2007-nji ýylda 88 yaşynda
aradan çykandan soñ özi bilen ýerli dilini-de alyp gitdi. Ol öz ene diliniñ
diri galmagy üçin doga edýärdi. Jones ömrüniñ soñuna çenli halkynyñ milli
dilini we medeni mirasyny goramak üçin kampanýa-da alyp barypdy.
"Döwletler
eger dünýäniñ medeni we dil dürliligini goramak isleyän bolsalar, giç bolmazdan
bu ugurda alada etmeli" diýip, UNESCO ýene-de duýdurýar.
Bir diliñ diri
galmagy üçin şol dilde gürleýän adamlar öz dilleriniñ bardygyna buýsanmaklary gerek.
Soñky bäş ýylda,
Mekzika, Täze Zelandiýa we Amerika öz döwletlerinde dürli dilleriñ ýok bolmagy
prossesini yzyna öwürmegi başardylar.
Ýöne UNESCO,
''dilleriñ ölümi''niñ her ýerde we dürli ykdysady şertlerde durmuşa geçip biler
diýip, duýdurýar.
Gepiñ gerdişine
görä aýdylnada, Eýranyñ çäginde ýaşaýan millionlarça türkmeniñ ene dili, alnyp
barylýan pars şaunizmi syýasaty netıjesınde çynlakaý dereje zyýana uçrap
gelýär, ýaş ösmerlerimiz ene dilinde geplemänsoñlar, dura-bara ony unudyp
barýarlar. Bu syýsatyñ soñy türkmen halkyny pars medenıýetıñ arasynda
assemirlemkeden başga zat däldigi köre hasa bolsa gerek.
Daşary ýurtlarda
ýaşaýan ildeşlerimiz-de makalalaryny öz ene dillerinde ýamansoñlar, olaram bu
syýasatyñ pydalary bolup gelýärler. Ýöne hiçden giç ýagşy dileni, gaýrat edip
öz ene dilimizde ýazmaga synanşaýlayn.
*******************
Makalany gysgaça terjime eden:
A.Goli
No comments:
Post a Comment