Saturday, February 21, 2015

HALKARA ENE DIL GÜNI



Diller howp astynda

  Birleşen Milletller Guramasynyñ Medeni Guramasy UNESCO, dünýäde häziriñ özünde bar bolan 6 müñ diliñ üçden biriniñ ýer yüzünden ýok bolmak howpyna duçar bolýandygy bilen duýduryş berdi.
  "Bir dil ölen ýagdaýynda, dünýäniñ medeni mirasynyñ möhüm bir bölegi-de ýitip gidýär. Nesiller boýy, dilden dile geçen, ertekiler, mifler, şygyrlar, ata sözleri, şol milletiñ söz hazynasy birbada ýitip gider." Diýip, UNSCO-nyñ beýannamasynda nygtalýar.
  Alaskanyñ ýerli dili “Eyak”-ça gepleýän soñky adam, Marie Smith Jones 2007-nji ýylda 88 yaşynda aradan çykandan soñ özi bilen ýerli dilini-de alyp gitdi. Ol öz ene diliniñ diri galmagy üçin doga edýärdi. Jones ömrüniñ soñuna çenli halkynyñ milli dilini we medeni mirasyny goramak üçin kampanýa-da alyp barypdy.
  "Döwletler eger dünýäniñ medeni we dil dürliligini goramak isleyän bolsalar, giç bolmazdan bu ugurda alada etmeli" diýip, UNESCO ýene-de duýdurýar.
  Bir diliñ diri galmagy üçin şol dilde gürleýän adamlar öz dilleriniñ bardygyna buýsanmaklary gerek.
  Soñky bäş ýylda, Mekzika, Täze Zelandiýa we Amerika öz döwletlerinde dürli dilleriñ ýok bolmagy prossesini yzyna öwürmegi başardylar.
  Ýöne UNESCO, ''dilleriñ ölümi''niñ her ýerde we dürli ykdysady şertlerde durmuşa geçip biler diýip, duýdurýar.
  Gepiñ gerdişine görä aýdylnada, Eýranyñ çäginde ýaşaýan millionlarça türkmeniñ ene dili, alnyp barylýan pars şaunizmi syýasaty netıjesınde çynlakaý dereje zyýana uçrap gelýär, ýaş ösmerlerimiz ene dilinde geplemänsoñlar, dura-bara ony unudyp barýarlar. Bu syýsatyñ soñy türkmen halkyny pars medenıýetıñ arasynda assemirlemkeden başga zat däldigi köre hasa bolsa gerek.
  Daşary ýurtlarda ýaşaýan ildeşlerimiz-de makalalaryny öz ene dillerinde ýamansoñlar, olaram bu syýasatyñ pydalary bolup gelýärler. Ýöne hiçden giç ýagşy dileni, gaýrat edip öz ene dilimizde ýazmaga synanşaýlayn.

                                                                                       *******************
Makalany gysgaça terjime eden:
A.Goli 



No comments:

Post a Comment