Saturday, February 19, 2011

Biz bitewi bir halkdyrys

Tireparazlaryň nykabyny syýrmaly!
Ýürekler, köňüller bir bolup başlar...

Ø  Ýomut gozgalaňçylaryň Gökdefe urşyna gatnaşandyklary hakynda taryhy bir dokument!
Ø  Tireparazlaryň garaýşyndan Watany diňe bir taýpa gorapdyr, şoňa görä häkimiýet elmydama olaryň erkinde bolmalymyş!

   Türkmenleriň ýakyn tarynyň ganly hem tragiki sahypalarynyň iň aýylganjy şüphesiz Gökdefede bolan gyrgynçylykdyr. Elbetde Türkmen topragy ondan ozalam daşarky, ylaýta-da Eýrandyr Hywa hanlygynyň ganly ýörişlere şaýat bolupdy, ýöne agzybir halk hüjümçileriň pendini berip, olary çym-pytak edipdiler. Beýle ýeňişlerde Maryň hany Gowşut han, Ahalyň hany Nurberdi han, Hazar ýaka ýomutlaryň belli serdary Mahmyt Işan şonuň ýaly-da Gökleň han-serdarlary batyrgaylyk görkezipdiler. Olar 1850-nji ýylda Eýranly Jafarguly hanyň goşunyny Garry galaň töwereginde derbi-dagyn edýäler.
  “Söweşiň gyzgalaňly wagtynda günbatardan bir ulý tozan peýda boldy” diýip şol wakany suratlandyran Abdylsettar Kazy öz “Jeň namasynda” belläpdir. Abdy-setdar Kazynyň beýan edişine görä, öňünde sekiz sany tug göteriji bilen sekiz müň ýomut atlý goşun Garrýgala gelip ýetişýär:

Diýerler kim ol ärge Mahmyt işan,             
Ýomut ilige ol kim baş boluban.
Ýetirdi özüni heňňam era çün,        
Ýasaw kyldy oşol meýdan era çün.

  Şonuň ýaly-da 1860-njy ýylda Gowşut hanyň ýolbaşçylygynda Mara çozan Hemze mirzaň 40.000 atlysyndan diňe 4 müňsi zordan yzna dolanmagy başaryp, galanlaryň jany jähenneme iberlipdir. 1873-nji ýylda Hywa çozup gelen rus generaly Fon-Kaufmana garşylyk görkezenem Gazawat we Ýylanly ýomutlary bolupdyr, şonuň üçinem olar generalyň gazaklaryň rehmsizlik bilen gyrgynçylygyna duçar edilýär.
   Ruslaryň Hazaryň gündogaryna aralaşmagyna göz ýumup durup bilmedik bu sebtiň batyrlary ençeme gezek rus soldatlaryna Çelekende, Çekişlerde we Esenguly-da zarba urýarlar. Bular barada generallar Stoletiň, Markozowyň ekspeditsiýalarynda jikme-jik maglumat berilýär.
Prof. Aga Garryýewiň ýazmagyna görä (Eýran şalarynyň agressiýasyna garşy türkmenleriň göreşi. S.Edebiýaty žurnaly. 1949/10) Stoletowiň indiki baharda tekeleriň üstüne ýöriş ediljegini aňlan türkmenler 3 sany batyr ýigidini Nurberdi hanyň huzuryna ýollap, wakany habar berýärler. Nurberdi hanyň kömegi bilen ýygnalan bir topar atly ýigitler «Gysga suw» diýen ýerde rus esgerlerine hüjüm edýärler we olaryň köpüsini gyrýarlar.

  Ýöne näme üçin türkmenler Skoblewiň öňünde agzybir durup bilmändirler? Biziň pikrimizçe munuň sebäpleri şolardan ybarat bolup biler:
1.   Nurberdi hanyň şüpheli ölüminden soňra (oňa ruslaryň plany esasynda bir parsyň awy berip öldürlendigi aýdylýar) han-serdarlaryň arasyndaky agyzalalyk artypdyr.
2.   Lomakiniň otrýadyny yzyna serkipdiren batyrlar öz güýjüne buýsanyp, duşmanyň harby ukybyny dogry kesgitläp bilmändirler.
3.   Ahalyň hanlary, bitewi bir türkmen halkyna mynasyp bolan birleşige çagyryş edip  bilmändirler, olar hatta Mary tekelerini-de öz hatyna çekip bilmändirler, ýomutlar hem gökleňler bilen diplomatik gepleşikler geçirmändirler.
4.   Nurberdi han halk maslahaty bolan “Jemhuriýet” gurultaýlarynda elmydama agzybirligiň ähmiýetine degip geçipdir, ýöne ol aradan çykandan soňra birleşik meselesi ünsden düşüpdir.
5.   Skoblewe garşy urşmalymy dälmi dilen soňky maslahatda Hanmämet Atalygyň we Orazmämmet hanyň tekliplerine gulak asmag-a beýlede dursun, tersine olara “dönük” diýip töhmetem atylýar.
6.   Fanat ruhany Gurbanmyrat işanyň fitwasyna gulak gabardan tekeler galada özlerini zyndan edýärler we Skoblewe aw bolýarlar. Gurbanmyrat işanyň fitwasyna görä galadan çykanyň hatyny talak diýilip yglan edilýär. Onuň özi bolsa galadan gaçyp atýar.

  Sowet döwrüniň ideologlary şeýle pikri halkyň boýundan asyp geldiler, hamana Gökdefe urşynda ýomutlar kömege gelmändirler, watany bolsa diňe tekeler gorapdyr, şoňa görä häkimiýet elmydama olaryň erkinde bolmalymyş. Beýle pikre garşy bolanlar bolsa 1876-njy ýylda Kaufman ýomutlary gyrýarka beýlekiler nirdedi, tekeler kömege gelipdilermi diýýärler. Gaýtam “daş düşen ýerine” diýip her kim öz işi bilen bolupdyr. Ahalyň hanlary hatta Maryly doganlaryny-da öz hataryna alyp bilmändirler. Gökdefede urşyň gyzgylaňly wagtynda olar ekin-dikini bahana edip, “duşmaňyz özüňize nesip etsin” diýip, Ahaly terk edipdirler.

  Golaýda, Gökdefe urşyny gowy suratlandyran, Skoblewiň harby geňeşçisi N.Grodokowyň 4 tomluk eserini okamda geň bir maglumatyň üstünden bardym. Şonda Grodokow ýomut gozgalaňçylar tarapyndan öz goşunlarynyň ençeme gezek hüjüme uçrandygyny, Çekişler-Astrabat, Çekişler-Bamy aralygyndaky telegraf simleriniň we sütünleriň ýomut gozgalaňçylar tarapyndan goparandygyny, ok-yraglaryň hem olar tarapyndan talanandygyny eseriniň 3-nji tomunyň 33-nji sahypasynda gürrüň beripdir.
  Grodokow şeýle ýazypdyr:
“Çekişlerden Bama barýan düýä ýüklenen kerwenden ýomutlar köp mukdarda tüpeň, ok we top okuny ogurlap, Etregiň aňyrsyna aşyrypdyrlar ýa-da olary ýere gömüpdirler. 13-nji sentýabr agşamy ýene şeýle işe baş goşamaga synanşan ýomytlardan 11-si ele düşdi. Barlap görlende ýomutlar 18 müň sany tüpeň oky bilen 200 sany top okuny alyp gidipdirler. Şondan soňra Skoblew ýomut kazylaryna we ak-sakgallaryna haýbat atyjy şeýle mazmuly hat ýollady:
 «В последнее время было несколько случаев порчи телеграфных столбов  и воровства верблюжатыми разного  казеннаго имущества и патронов.  Простой  народ туркменский не знает, что воровство патронов  и уничтожение  телеграфных столбов равносильно открытой вражде. Поэтому считаю необходимым предварить всех вас  для объявлеания вашим соплеменникам, что всё пойманные в воровств'е патронов вожаки верблюдовъ и захваченные в порче телеграфа будутъ расстреляны без всякого снисхождения. Туркмены не знают, как строгие руссие законы будут карать виноватых в таких преступлениях  и потому вам, какъ казъям и старшинам  народа  следует ознакомить с  этим жителей ваших: «аулов и внушить им, чтобы они берегли себя и знали, что уничтожение телеграфной линии и воровство патронов не будет наказываться иначе, как смертью».

“Soňky günlerde birnäçe waka boldy, ýagny telegraf simleri we sütünleri goparyldy, döwlet emlägi ogurlandy, sada türkmenler ok-ýarag ogurlamagyň we telegraf simleriniň goparylmagynyň duşmançylygyň alamatydygyny bilmeýärler, şoňa görä sabrymyz gutarmadan ozal size duýdurýaryn öz tiredeşleriňizi harbardar ediň, mundan beýläk ok-ýarag ogurlan ýa-da telegraf simlerini kesip ele düşenler ölüme höküm ediljekdir. Beýle adamlary jezalandyrmakda rus kanunlarynyň agyrdygyny sada türkmenler bilýän däldirler, öz obadaşlaryňyza beýle işlerden çetde durmagyny bildiriň, bilip galyň telegeraf simlerini goparmak we ok-ýarag ogurlamagyň jezasy ölümdir. Biz olaryň baryny atyp öldüreris.”

  Ynha bu sowet ideologlarynyň we olara eýeren tire-parazlaryň nykabyny syrýan dokumentlerden biri. Biz ýakyn taryhymyzyň garaňky sahyplaryny aýdyňlaşdrymak ugrundaky saparymyza dowam etdireris.

Akmyrat Gürgenli
20 few. 2011


No comments:

Post a Comment