Tuesday, October 23, 2012

Ethnic meselesi



   Türkmeistan bilen Eýran bir bakyşda

  Her gezek “Bajygyran” araçäk geçelgesinden süýnüp, Maşatdan Aşgabada gelen Eýranly ýolagçylar, awtobusyň aýnalaryndan mermere bürelip oturan şäheri synlap, ajaýyp-ajaýyp jaýlara aňkaryp galýarlar. Olar biygtyýar serhediň iki tarapynda ýaşaýan türkmenleriň durmuşyny deňeşdirip, olara öz ýanlarynda baha berýärler.
DOWAMY



Eýran yslam respublikasynyň emele gelmegine 33 ýyl bolan bolsa, SSSR-iň boýuntrugyndan halas bolan täze Türkmen döwleti bary-ýogy 21 ýaşynda. Yslam respublikasy gadymy Eýran emperýasynyň mirasdüşeri bolsa, Türkmeistan 150 ýyllyk rus kloniýasynyň syrtmagy astynda ýaşap geldi, türkmenlere öz milli döwletini esaslandyrmaga maý berilmän gelindi. 70 ýyllap agalyk eden totalitar düzgünden başyny alyp çykan Türkmenistan bu gün ajaýyp binalary bilen gadymy ertikilerdäki dünýäni janlandyrýar. Elbetde bu ýerde biz diňe Türkmenistanyň daş keşbine syn edýäris.
   Ýerasty, ylaýta-da tebigi ressurslara baý Türkmenistan, halkara kompaniýalaryň, esasanam nebit-gaz şerketleriň üns merkezinde, günde, günaşa diýen ýaly paýtgat Aşgabatda halkara derejesinde forumlar we konferenisiýalar geçirilýär. Ýurtda alnyp barylýan pozetiw bitaraplyk we dostlukly gatnaşyklar esasynda Türkmenistanyň baş şäherinde Eýran döwletine onçakly ýaramaýan ABŞ-larynyň we Ysraýylyň ilçihanalarynyň öňünde bu we beyleki döwletleriň baýdaklary parlap dur. Bu bolsa barha üzňeleşýän 70 million ilatly Eýran bilen deňeşdirlende sözüň doly manasynda ösüş-özgeşigiň alamaty. Türkemnistanyň abadançylyk ugrunda ädýän aýgytly ädimi hakynda dünýäniň meşhur gazet-žurnallary, halka habar beriş serişdeleri, mass-media yzygiderli maglumatdyr, reportaž berip gelýärler.
 Ençeme asyrlap ösüş taýdan yza galdyryn Türkmenistan jemhuriýetde ýaşaýan türkmenler bilen, Eýran yslam döwletinde ýäşaýan 3 milliona golaý türkmeniň durmuşyny hiç babatdan deňeşdirip bolmaz. Öz milli döwletlerinde ýäşaýan türkmenler, adam hukuklary babatda, sosýal üpçünçilikler we beýleki ykdysady syýasy noktaý nazardan henizem ilkinji basgançaklarda ýörjen ýörjen edýänem bolsa Türkmensähraly doglanlaryndan ençeme babatda buýsançly ýaşaýarlar; olaryň balalary ene dilleinde sapak alýarlar, bäbeklere öz milli däpleri boýunça at dakyp bilýärler, öz dillerinde gazet-žurnallry, radio-telewideniýeleri bar, olar milli baýramçylyklaryny erkana hem buýsanyp-guwanyp belleýärler. Emma bu agzalan zatlar, yslam döwletinde ýaşaýan ildeşlerimize ýat hem arzuw edilýän islegler. Bu zatlar bolsa islär-islemez Türkmenistanda barýan her bir Eýranlynyň böwrüni diňledýär.
Araçägiň iki ýanynda ýaşaýan ildeşlerimiziň sýyasy we sosýal taýdan durmuşlary diýseň başgaça. Türkmenistanda gyzlar-gelinler, erkekler-gyzlar arkaýyn el-ele tutuşyp seýilbaglarda, parklarda gezip bilýän bolsalar, Eýranda ýörite polisler, entek bahana bilen ýaşlarlaryň başyna bela bolup satşýarlar. Şahsy azatlyklar, halan eşigiňi geýip köçä çykmak, eýranly ýaşlara arzuw bolup gelýär, bu zatlar bolsa Türkmenistanda çözülen.
  Ýadro programmasy baradaky höjjetligi bilen günsaýyn üzňeleşýän Tahran režimi bilen Türkmen döwletini, halkara arenasynda deňeşdirip görseň ýene-de biziň täze döwletimiziň ösüşe ymtyýan taraplaryny görse bolýar. Orsýet agalygyny başyndan syryp, gazyny eksport etmek üçin täze geçirijileri agtarylýar, Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň we ABŞ-ly dürli firmalaryň wekilleriniň tizden-tiz Aşgabada gelip gidip durmagy, Aşgabadyň global derejede dünýä döwletleri bilen barha jebisleşýändigini görkezýär, munyňam öz nobatynda özi bilen ynsan durmuşyny özgetjek täze şertleri alyp geljegi iküjsyzdyr.
 Häzirki agyr ykdysady gadagançylyklardan Eýranyň bili bükülip gelýär. Üstesinde ikide-bir bolaýmagy mümkin harby hüjümden howatyr edilýär. Tahran, goňşysy Türkmenistanda parlap duran ABŞ-laryň we Ysraylyň baýdaklaryna gazaply nazaryny dikip, güýji ýetse olary ýere taşlap, otlajak. Şol nokdaý nazardan diplomatik duşuşyklarda Tahran goňşularynda bar bolan ady agzalan döwletleriň diplomatik missiýalarynyň işlerine nägilelik bildirip gelýär.
  Eýranyň prezidenti Ahmadynejet, nirde ady-sory zordan tanlýan döwletler bilen gelim-gidim edýän bir wagtynda, Türkmeistanyň prezidenti G.Berdimuhammedow içerde syýasy azatlyklara ýol bermese-de, dünýäniň ösen döwetleri bilen gatnaşyp gelýär. Bu zatlar ýene-de adamlary, bu iki goňşynyň ýagdaýyny deňeşdirmäge mejbur edýär. Başgaça aýdylanda “ugur hanja gardaş!”
  Diňe häkimiýetdäkiler däl, Eýranyň ýurt içindäki hem daşyndaky intellegensiýa wekilleri, oppozisýon güýçleri milli mesele babatda, edil režim bilen bir hörpden gopýarlar. Olar goňşy Türkmenistandaky özgerşikleri, bu türkmenleriň erkana durmuşyndan nusga hem görelde almagyň deregine, ikide- bir “bitewi Eýran”, “bitewligimize howp abandyrýanlaryň gözlerini çekmeli, dardan asmaly” diýen äheňde milli hem medeni hak-hukluklaryny talap edýän türkmenlere haýbat atyp, ajy pürkürýärler, etnik meselesi babatynda režimiň syýasatlaryny goldap gelýärler.
   Emma Eýranda ýaşaýan etnik haklar şol sandan türkmenler daş-töwereginde bolup geçýän ýagdaýy oňat görüp oňa baha berip gelýärler. Äzerler, Äzerbaýjan respublikasynda, türkmenler Türkmenistan döwletinde, kürtler demirgazyk Yrakda, araplar, Dubaý we Katar ýaly döwletlerde bolýan ösüşleri yzalarp, öz el-aýaklaryna urlan gandallara hem duşaklara ahmyrly serdýärler.
Arne Goli (Akmyrat Gürgenli)
žurnalist

No comments:

Post a Comment