Saturday, April 25, 2015

Azatlyk Radiosynyň Taryhyndan






“Azatlyk” RADIOSYNYŇ TÜRKMEN
REDAKSIÝASYNYŇ TARYHYNDAN





1-“AZATLYK” RADIOSYNY GURMAK ÜÇIN DESLAPKY ÄDIMLER

Baryp 1950-nji ýyllaryň başlarynda, sowuk uruşyň ýitileşýän döwründe, anti-kommunistik meýilde bolan amerikan žurnalistlarynyň, publistleriniň we meşhur jemgiýetliçilik işgärleriniň bir topary, "Russiýa halklaryny azat etmekligiň Amerikan Komitetetini döretdiler. Şonuň başynda Sowet režimi hakynda ençeme eseriň awtory we SSSR halklarynyň öz_ygtyýarly hak-hukuklarynyň tarapyna çykş edip gelen William Henry Chamberlin, meşhur publiçist Isaac Don Levine, ýazyjy William White, Birleşen Ştatlaryň Moskwadaky ozalky ilçisi Jhone Dine, Harwart Uniwersitetiniň professory William Elliot, görnukli elektrikşynas Tomas Edisonyň ogly Charlz Edison, prezident Franklin Ruziweltiň ýegeni Nikolas Ruziwelt, admiral Jhon Kork dagy durýardylar, Komitetiň ilkinji başlygy Amerikan harby deňiz flotynyň wice-admiraly Lesli Steweksdi. Bu Komitete soňra Ýewgeniý Daýons-da başlyklyk etdi. 


No comments:

Post a Comment