Monday, April 25, 2016

Gelgekki nesliň öňünde utanmaýlyň



Geljekki nesiliň öňünde utanmaýlyň!

 Biz taryhyň her bir öwrülşiginde ata-babalarymyzyň, batyr gerçeklerimiziň edermenliklerini ýatlap, olardan ylham alýarys, göreldelerine eýermek üçin, ýaş ösmerlerimize ülge hem nusga bolar ýaly olaryň bitiren işlerini tarymyzyň sahypalarynda altyn harplar bilen ýazýarys.
Eger düýn milli şahyrymyz, beýik akyldarymyz Magtymgulynyň dürdäne sözleri, pähim-paýhaslary bilen buýsanyp gelýän bolsak, bu gün biziň Omid ýaly buýsanara, başymyza täç edere alym ýigitlerimiz bar. Indi Türkmenleriň dünýä möçberinde guwanmaga Omid ýaly alymy bar, muňa ýetere başga näme gerek.
Ýöne gynançly ýeri, biz şonça Omidlarymyza, halkymyzyň gejekki Omidlaryna begenip, alkyşlap baksak-da ganym duşmanyz bolan Eýranyň mollalar režimi, ol gerçegi zyndanlarda çüýredip gelýär, el-aýagyna gandal urup, dürli kesellerden ýok etmäge synanşýar.
Dr. Omid Kokabiniň düşen bu agyr ýagdaýyna global derejede alymlar, meşhur şahsyýetler, ynsan hukuklaryny goraýan halakara guramalar, metbugat, media... duýgudaşlyk bildirip, bu alym ýigidiň erkinlige gorberilmegini Eýran häkimiýetlerinden tapal edip gelýärler. Ýöne mollalara alym däl-de kör sowat adamlar gerek.
Türkmensährada şu mahala çenli hiç bir metbugatda Omidiň erkinlige goýberilmegi berek talap edilmän gelýär. Şonça ahun molladan diňe ýekejesi Omidi goldap çykyş etdi, galanlary bolsa agyzlaryna suw alan ýaly bolup, dymyp otyrlar. Ýogsam häkimiýetleri öwmeli bolsa agyzlarynda aş gatyklandyrýarlar. Eger-de häkimiýetleriň ýanlarynda sözleri geçýän Türkmen ahunlary, öňe düşüp öz alym perzendiniň erkinlige goýberilmegini talap etseler belki-de täsirli bolup, oňyn netije alnardy, has bolmanda taryhymyzda göreşjeň ahun-mollalar hökmünde yz galdyryp bilerdiler.
Biz Gürgen radiosynyň Türkmen gullugyndan Omidi goldar diýen tamamyz ýok, ýöne Amerikanyň Azatlyk radiosynyň pars gullugy- Radio Farda, Amerikan sesi radiosy- VOA, BBC we beýlekiler Omid hakynda yzygiderli maglumat berip durka, Azatlyk radiosynyp Türkmen gullugy Omid hakynda çigit ýaly habardyr maglumat berenok, Türkmenistan döwleti-de dymyp gelýär, Türkmenistanyň oppozisýon saýtlary-da Omid hakyndaky wakadadan habarsyz ýaly bolup, ýekeje sözem beýan etmeýärler.
Türkmenistanyň prezidenti halkymyzyň şu taryhy etabynda ägirt hem batly ädim ädip, halkymyzyň buýsanjyna buýsanç, her dürli pudakda şanymyza şan-şöhrat goşup biljek Omid ýaly ýigitlere, sport meýdanlarynda halkara derejesinde özlerini görkezýän gül ýaly oglanlarymyza eýe çykmaly, hatta ummasyz pul döküp, olary öz bagryna basmaly.
Ýaş alym Dr. Omid Kokabiýe ýöňkelen aýplama diýseň çypdyrma. Mollalar režimi «duşman döwlet-Amerika» bilen gatnaşyk guranlykda we ol döwletden stependiýa alnlykda  Omidy aýplap ony 12 ýyl azatlykdan mahrum etdi. Häzir bolsa olaryň ministerleri, resmiler her gün diýen ýaly bu «duşaman» döwleti -Amerika bilen äbe-de jüýje bolup gelýärler. Diňe Omid däl, müňlerçe Eýranly student, Amerikda okap ýör we ol döwletden stependiýa alyp ýörler.
Biz bir ten, bir jan bolup, öz alym ýigidimize eýe bolmaly, onuň erkinlige goyberilmegi ugrunda kompaniýalary gurnamaly.
Häzirki çylşyrymly ýagdaýda dünýäniň demokratik döwletlerinde ýaşaýan ildeşlerimiziň bu meselede dymyp oturmaklaryna nähili düşünmeli? Olar häzirki nesilimize näme jogap berip bilerler, gejekki nesiliň gazapky, gaharly nazarlaryndan sypyp bilerlermi? Olaryň: «Utanyň, uýalyň eý bihepbeler ýekeje alym ogluňyza eýe çykyp bilmediňiz» diýip, bize käýemezlermi? Bar aladany diňe «Medeni-Syýasy Ojak» etmeli diýen zat ýok.
Şonuň üçin hiçden giç ýagşy, dürli protest aksiýalary, kampaniýalary gurnap, has bolmada ýaşaýan ýurdumyzyň resmilerine, parlamentine hat ýollap, alym oglumyz Omidiň goragyna çykaýlyň. Ertir giýç bolar.
Hormat bilen
Arne Goli
Taryh ylymlaryň kandidaty
Türkmeni öwreniş merkeziň müdüri.
Sweden
24 april 2014

1 comment:

  1. Bu, Maýo klinikasynyň köpçülige mälim eden beýany we böwrek satyn almak isleýäris, böwrek satmak isleseňiz, aşakdaky e-poçtaňyz bilen göni habarlaşyň
    mayocareclinic@gmail.com
    Bellik: Bu ygtybarly amal we howpsuzlygy kepillendirilýär.
    Has giňişleýin maglumat üçin bize e-poçta habaryny iberiň.

    ReplyDelete