Saturday, January 22, 2011

Amerikada yaşan Türkmen alymy

Edermen adam Dr. M.Göklengi yatlap

Dr.Mämed Şirmuhammedi
(Dr. Mehmet Gökleň)

   Dr.Mämed Şirmuhammedi, 18.5.1912-nji ýylda Kümüşdepedewdagär bir mgalada dünýä gelýär. Ol türkmenleriň şol wagtky belli baýlaryndan Annamuhammed Hajynyň ogludyr. Mä­med, Baýjan Turany bilen bile (1928­-nji ýylda) Türkiýä okuwa gaýdýar. Ol, Baýjan Turanynyň Türkiýä okuwa gitmek üçin Tähräne gidendigini eşidenden soňra özüniň-de Kümüşdepeden Tährana gaýdýar we Baýjan Turany bilen sataşyp, bir aýlap Tähranda galyp, soňra Türkiýä tarap ýola düşýärler. Olar Eýranyň Enzeli Port şäherinden Bakuwa we ol ýerden-­de Türkiýäniň Trabzon şäherine ýetýärler.
 Baýjan bilen Mämed Türkiýäniň İzmir şäherine ýerleşdirilýär, olar bu şäherde Lisäni tamamlaýarlar (1934).
   Bu ýerde, Mämed Şirmuhammediniň öz ady we familýasini özgerdip Gökleň familýasyny alandygyny aýtmak gerek we şondan soňra ol Mehmet Gökleň diýilip tanalyp başlanýar.
   İzmir lisesini tamamlandan soňra (1934) Mehmet Gökleň, İstanbul uniwersitetiniň medisina fakultetine girýär we bu fakultäni 1940-njy ýylda tamamlaýar. Dr.M.Gökleň şol fa­kultäniň iç keselleri boýunça bölümine asistant bolup girýär we 1944-nji ýylda bu bölümden iç keselleri barada spesialist bolup çykýar. Soňra Jeýhan şäherine gidip ol ýerde işläp başlaýar.
 Ýöne ol, bu ýerde 3 ýyllap işländen soňra (ýanwar 1947) İstanbula gaýdyp gelýär we 1948-nji ýylyň ýanwar aýynda-da Amerika gidýär we ol ýerde işläp, 1986-njy ýylda pensiýa çyk­ýar. Onuň, Amerikaly aýalyndan bir ogly (Emir-Kent) bilen bir gyzy (Leýla) bar we olar häzir, Amerikanyň New Ýork şäherinde ýaşaýarlar.
  Dr.M.Gökleň randan gelen garyndaşlaryny we beýleki türkmenleri öz daşyna ýygnap olara ýol görkezip okamaklaryna-işlemeklerine öz ýardamyny gaýgyranok.
  1951-52-nji ýyllarda New Ýorkda Türkistanlylar Jemgiýeti gurulan wagty Dr.M.Göklen bu jemgiýetiň ýolbaşçysy edip saýlanýar. Ol, bu işi 2 ýyllap dowam etdirýär.
                                    ***********************
Çeşme: Dr.Mehmet Kılıç: Dünya Türkmenleri

No comments:

Post a Comment