Sunday, January 9, 2011

Geçmeişi unudyp bolmaz

Bolşewizim we faşizim bir medalyň iki ýüzi

Solda: Magadan konst lagerlerinde pyda bolanlayň hatyrasyna dikeldilen ýadigärlik
Sagda: Faşist Hitlerçileriň jenaýatlaryndan bir mysal

  2010-njy ýylyň 29-njy dekabrynda Ýewropanyň 38 sany işçi we kommunist partiýalary bilelikde ýaýradan beýnnamalarynda Bolgaryýnyň, Litwanyň, Latwiýanyň, Wengriýanyň, Rumiýanyň we Çehiýanyň daşary işler ministerleriniň kabul eden karyna protest bildirip ony “ýigrenç we prowaksiýa” diýip häsýetlendirdiler. Ady agzalan döwletleriň daşary işler ministerleri  taryhy galplaşdyrýanlarya garşydyklaryny hem-de kommunistleriň we kommunizmiň sud tarapyndan yzarlanmagyny Ýewro-komisiýadan soramak barasynda karar kabul etdiler. Kommunistleriň bilelikdäki beýannamalary “Ýewropada anti kommunizm ýol almaz” ady bilen neşir edildi.
  Kommunistleriň beýannamalarynda olar  özleriniň işçileriň hukugyny gorýandyklaryny we Ýewropada demokratiýanyň ösmegi ugrunda alada edip gelýändiklerini öňe sürýärler, şeýle-de olar faşizim bilen kommunizimi bir hatarda goýlup, 2-nji jahan urşy döwrüniň taryhyny galplaşdyrýanlara garşy göreşip gelýändigi agzalýar. (beýannamanyň doly mazmunyny dürli dillerde şu aşakda görkezilen adresden okap bilersiňiz)
Geçen asryň başlaryndaky taryhy şerteler esasynda deňsizligi ýok etmek ugrunda birgiden idealar we syýasy garaýyşlar ara atyldy. Bu ylaýtada-da açlykdan we Tezaryň polisaý režiniň astynda ezilip gelýän rus halkynyň gulagyna ýakymly gelýärdi. Sebäbi ruslar Orsýet-Ýapon urşundan (1905) we soňra 1-nji jahan urşunda pyda bermekden bizar bolupdylar. Olar beýle zalym syýasata garşy göreşmäge bir uçgunyň tutuşmagyna garşýardylar we olam W.I.Lenin tarapyndan çakyldy, şeýdip Orsýetde 1917-nji ýylda “proletar diktatorçylygy” astynda “işçi-daýhan rewolutsiýanyň” ýeňiş gazandygy yglan edildi.
 1-nji jahan urşy döwründe ähli at-şöhraty kemsidilen Germaniýada bolsa “Nasýonal-sosýalistler” Adolf Hitleriň ara atýan şygarlarynyň töwreginde jebisleşildi. Hitler “uly Germaniýanyň” dörediljegini wada berip, Ýewropanyň dürli döwletlerinde ýaşaýan almanlaryň bir baýdagyň astynda ýygnanmalydygyny öňe sürýärdi. Şol esasda hem goňşy döwletlere goşun çekip başlady. Kreml bilen “birek-birege hülüm etmeli” (19 awgust 1939 Molotof-Riebentrob) ylalaşygyny aýak astyna alan Hitler Polşa hüjüm etmek bilen 2-nji jahan urşunyň oduny tutaşdyrdy we takmyn 50 million ynsanyň ölümine sebäp boldy. Bular barada ýeterlik derjede ýazyldy we ýazylyp gelinýär. Meniň bu ýerde esasy ara atjak zadym Staliniň millionlarça ynsany gyrgynçylyga berenligi we olary konst-lagerlerde ýok etmegi hakynda.
  Henize çenli Kreml hojaýynlary Stalin döwrinde edilen jenaýatlaryň doly paş edilmegine kes-kelläm garşy bolup gelýärler, arhiwler bolsa ýaplygyna durýar. Hatta Polşada edilen köpçülikleýin gyrgynçylyk diňe M.Gorbaçowyň “aç-açanlyk” döwründe KGB tarapynda amala aşyrlandygy boýun alyndy.
  Ýokarda agzalan kommunistleriň bilelikdäki beýannamalarynda “Ýewropada demokratiýanyň ösüşi ugrunda göreşilýändigi” öňe sürülýär. Geň galmaly. Kommunistler bir tarapdan “protetar diktaturany” ýeňişini şygar edýärler, aýry tarapdan demokratiýadan söz açýarlar. Demokratiýa bilen diktaturanyň nädip bir galyba sygjagyna biz-ä haýran.
  Eger olar unudan bolsalar, taryhyň sahypalarynda yz galdyran az-kände maglumatlar şol edilen jenaýatlaryň bir bölegini aýan edýär ahyryn. Mysal üçin şu aşakdaky dokumetde 6600 adamynyň 1-nji derejede jezalandyrylmagy hakda Staliniň görkezmesi bar.

Staliniň 6.600 adamynyň jezalandyrylmagy hakynda gol çeken permany.
(W.Bukowskiniň kollegsiýasyndan
NKWD-niň başlygy N.İ.Ýežow


Ýežowiň NKWD-niň başlygyna bellenmegi barasynda «Prawda» gazeti 1936-njy ýylyň 21-nji awgust sanynda uly harplar bilen «Hiç kime rehim etmeli däl» diýen sözbaşyny goýup, Staliniň we Yždanowyň şol ýylyň 25-nji sentýabrynda politbiro ýollan tellegramasyny çap edipdir:

  «Biziň pikrimize görä NKWD-niň başlygyna ýoldaş N.İ.Ýežowyň bellenmegi örän zerur we bu iş çalt edilmelidi. Ýagoda işini oňat başarmady. GPU-nyň dört ýyllap yza galan planlary bar.»


   Gyrgynçylygy amala aşyrmak boýunça Ýežowyň Staline ýazan bir haty
[1]:

    «Ýoldaş Stalin!
Şu hat bilen birlikde harby sutda işleri gozgalan adamlary 4 katogoriýe bölüp, gol çekmek üçin huzuryňyza ýollaryn:
1-   nji sanaw: Umumy ýagdaýlylar;
2-   nji sanaw: ozalky harby işgärler;
3-   nji sanaw: NKWD-niň ozalky işgärleri;
4-   nji sanaw; halk duşmanlarynyň aýallary.
Şulary birinji derejede jeza bermeňizi haýyş edýärin.»  

 Sibrdäki konst lagerleriň ýagdaýyny aňladýan surat. 
(W.Bukowskiniň kollegsiýasyndan)[2]

  Rus taryçylary Stalin döwrüniň jenaýatlaryny paş etmekde şeýle kynçylyklara duş gelýän bir wagtynda Türkmenistan ýaly henize çenli ýapyk bir döwletde beýle jenaýatlar hakynda gürrüň etmegi özi howply, sebäbi ýurtda höküm sürýän režiniň özeni diktura esaslanýar. Henize çenli Atabaýewleriň, Aýtakowlaryň nädip öldürlendigi hakynda hiç hili maglumat resmi taýdan çap edilmedi. Tersine olaryň at-hatyrlarynyň ýok edilmegine synanşyldy.
  Mälim boluşy ýaly Türkmenistanda gyrgynçylygyň ilkinji tolkuny 1930-njy ýyllarda başlandy. Bolşewikleriň adam iýýän maşyny “GPU” (soňraky KGB) bu gezek Türkmen halkynyň intellegensiýa wekillerini, ýaňy ýatişen milli-syýasy we medeni kadrlaryny ýok etmek üçin bir bahanany toslap tapýar. Şonda “Türkmen azatlygy” diýen bir “milli-buržaz” guramanyň bardygy we Türkmen liderleriniň oňa agzadyklary, bu guramanyň maksadynyň bolsa Türkmenistanda özbaşdak milli-buržaz döwletini esaslandyrmak ugrunda hereket edýändigini öňe sürüldi. Şol töhmetler bilen bolsa müňläp-müňläp adam gitse gelmez ýola ugradyldy. Türkmenıstanly taryhçylar henize çenli şol repressiýa ýyllarynda gurban bolan Türkmenleriň näçedigini anyklap bilmän gelýärler. Biz bu babatda häzirlikçe şu aşakdaky maglumat bilen çäklenip, sözümizi jemleýäris:

“Britaniýanyň Moskwadaky içlisihanasynyň Londona ýollan telegrammasynda Türkmenistanyň prezidentiniň, ýokary derejeli resmileriniň ýok edilendigi we bir topar liderleriniň, Komsomol ýolbaşçylarynyň işden çetleşdirlendigi habar berilipdir.[3]
Doc. 131
Wiscount Chilston to Wiscount Halifax.– (Receiwed August 27.)
My Lord,                              Moscow, august 20, 1937

In my telegrams Nos. 44, 48 and 51, Sawing, I had honour to report the downfall of the presidents of the Sowiet Republics of Tadjikstan, Armenia and Turkmenistan as well as numerous other bearers of high office in these republics. In other recent telegrams an despatches, I had to report numbers of arrests an imprisonments of high party and Gowernment officials in almost ewery part of the Union...
Shortcoming of the Komsomol leaders it has been decide to restore normal relation between Komsomol officials and put a stop of the “friendly” ....
                                                                                            CHILSTON

Akmyrat Gürgenli
 

[1] Roy Medwedow: Let History judge. Knopf. 1971
[2 Vladimir Konstantinovich Bukovsky; born December 30, 1942 is a former Soviet political dissident, neurophysiologist, author and political activist. (V.Pedia Free Encylopedia)
[3] British Documents On Forgien Affairs (1917-1939) Part II. Wol.14 Uniwersity Publications of America. S. 184

No comments:

Post a Comment